Ysraýylyň Gaza garşy guraýan hüjümlerinde ýogalan palestinalylaryň sany 39 müň 677 adama ýetdi

Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýannamada, Ysraýylyň 7-nji oktýabryndan bäri, ýagny 306 gün bäri Gaza zolagyna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň soňky 24 sagatda Gazada amala aşyran 2 aýry gyrgynçylykly hüjüminde ýene-de 24 palestinalynyň ýogalandygy, 110 palestinalynyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza zolagyna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 39 müň 677 adama, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 91 müň 645 adama ýetendigi ýatladyldy.

Beýannamada mundan başgada ýumrulan binalaryň harabalyklarynyň arasynda we ýoluň gyralarynda ýogalan adamlaryň jesetleriniň bardygy, emma ysraýylly esgerleriň päsgel bermegi sebäpli şol jesetleriň ýygnalyp bilinmeýändigi aýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 72 müň 783 adama ýetdi
Erdogan Makron bilen Eýrandaky ýaraşygy, Liwany we Gazany ara alyp maslahatlaşdy
Türkiýe Ysraýylyň Gaza kömek flotiliýasyna çäre görmegini "garakçylyk" hökmünde häsýetlendirdi
Türki döwletleriň arasynda elektron söwda we sanly hyzmatlar ýeňilleşdiriler
Ysraýylyň Gazadaky hüjümlerinde ýene-de iki palestinaly ýogaldy
Pakistan Ysraýylyň Liwana guran hüjümlerini ýazgardy
Russiýa Ukraina bilen Pasha baýramy mynasibetli atyşygy bes etdi