Ysraýylyň Gaza garşy guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 39 müň 6 adama ýetdi

Ysraýylyň Gaza garşy guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 39 müň 6 adama ýetdi

Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýannamada, Ysraýylyň 290 gün bäri Gaza zolagyna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň soňky 24 sagatda Gazada amala aşyran 3 aýry gyrgynçylygynda ýene-de 23 palestinalynyň ýogalandygy, 91 palestinalynyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza zolagyna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 39 müň 6 adama, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 89 müň 818 adama ýetendigi ýatladyldy.

Beýannamada mundan başgada ýumrulan binalaryň harabalyklarynyň arasynda we ýoluň gyralarynda ýogalan adamlaryň jesetleriniň bardygy, emma ysraýylly esgerleriň päsgel bermegi sebäpli şol jesetleriň ýygnalyp bilinmeýändigi aýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 72 müň 783 adama ýetdi
Erdogan Makron bilen Eýrandaky ýaraşygy, Liwany we Gazany ara alyp maslahatlaşdy
Türkiýe Ysraýylyň Gaza kömek flotiliýasyna çäre görmegini "garakçylyk" hökmünde häsýetlendirdi
Daşkentde C5+1 formatynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we ABŞ-nyň Medeniýet ministrleriniň duşuşygy geçirildi
Türkmenistan Daşkentde geçirilen C5+1 duşuşygynda medeni hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtady
Ysraýylyň Gazadaky hüjümlerinde ýene-de iki palestinaly ýogaldy
Türkiýe Ysraýylyň palestinli tussaglylar üçin girizen ölüm jezasyny ýazgardy