Ysraýylyň Gaza garşy hüjümleri dowam edýär

Ysraýylyň Gaza garşy hüjümleri dowam edýär

Ysraýylyň goşunynyň Gaza zolagyna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda başladan hüjümlerinde şu günki güne çenli ýogalan palestinalylaryň sany soňky 24 sagatda 26 adam artyp, 34 müň 622 adama ýetdi.

Palestinanyň Gazadaky Saglygy goraýyş ministrliginden berilen beýanatda Ysraýylyň Gaza zolagyna garşy eýýäm 210 gün bäri dowam etdirýän hüjümleri barada maglumat berildi.

Palestinanyň Gazadaky Saglygy goraýyş ministrliginden berilen beýanatda Ysraýylyň goşunynyň soňky 24 sagatda Gaza zolagyna guran hüjümlerinde ýene-de 26 palestinalynyň ýogalandygy, 51 palestinalynyň bolsa ýaralanandygy mälim edildi.

Ysraýylyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri Gaza zolagyna garşy guran hüjümlerinde ýogalan palestinalylaryň sany 34 müň 622 adama, ýaralanan palestinalylaryň sany bolsa 77 müň 867 adama ýetdi.

Beýanatda mundan başgada ýumrulan binalaryň harabalyklarynyň arasynda we ýoluň gyralarynda ýogalan adamlaryň jesetleriniň bardygy, emma ysraýylly esgerleriň päsgel bermegi sebäpli şol jesetleriň ýygnalyp bilinmeýändigi aýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Gazada ýogalýan adamlaryň sany artmaga dowam edýär
Gazada Ýogalanlaryň Sany Artýar
Gazada Ýogalanlaryň Sany 35 Müň 233 Adama Ýetdi
Gazada Ýogalanlaryň Sany Artýar
Ysraýylyň Gaza garşy guraýan hüjümlerinde ýogalýan palestinalylaryň sany artmaga dowam edýär
Gazada Ýogalanlaryň Sany Artýar
Ysraýyl 215 Günden Bäri Gazany Bombalaýar