Ysraýylyň Gaza garşy hüjümleri dowam edýär

Ysraýylyň Gaza garşy hüjümleri dowam edýär

Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýannamada, Ysraýylyň 7-nji oktýabryndan bäri, ýagny 307 gün bäri Gaza zolagyna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň soňky 24 sagatda Gazada amala aşyran 4 aýry hüjüminde ýene-de 22 palestinalynyň ýogalandygy, 77 palestinalynyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza zolagyna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 39 müň 699 adama, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 91 müň 722 adama ýetendigi ýatladyldy.

Beýannamada mundan başgada ýumrulan binalaryň harabalyklarynyň arasynda we ýoluň gyralarynda ýogalan adamlaryň jesetleriniň bardygy, emma ysraýylly esgerleriň päsgel bermegi sebäpli şol jesetleriň ýygnalyp bilinmeýändigi aýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylyň hüjümleri sebäpli ýene-de 8 palestinli ýogaldy
Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 72 müň 783 adama ýetdi
Erdogan Makron bilen Eýrandaky ýaraşygy, Liwany we Gazany ara alyp maslahatlaşdy
Türkiýe Ysraýylyň Gaza kömek flotiliýasyna çäre görmegini "garakçylyk" hökmünde häsýetlendirdi
Türki döwletleriň arasynda elektron söwda we sanly hyzmatlar ýeňilleşdiriler
GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW: HAZAR SEBITINDE HARBY HEREKETLER DÜÝBÜNDEN ÝOL BERILMESIZDIR
Russiýa ÝB-niň 20-nji sanksiýa bukjasyna garşylyk görkezdi