Ysraýylyň Gaza garşy hüjümleri dowam edýär

Ysraýylyň Gaza garşy hüjümleri dowam edýär

Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýannamada, Ysraýylyň 7-nji oktýabryndan bäri, ýagny 341 gün bäri Gaza zolagyna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň soňky 24 sagatda Gazada amala aşyran 4 aýry gyrgynçylygynda ýene-de 64 palestinalynyň ýogalandygy, 104 palestinalynyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza zolagyna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 41 müň 84 adama, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 95 müň 29 adama ýetendigi ýatladyldy.

Beýannamada mundan başgada ýumrulan binalaryň harabalyklarynyň arasynda we ýoluň gyralarynda ýogalan adamlaryň jesetleriniň bardygy, emma ysraýylly esgerleriň päsgel bermegi sebäpli şol jesetleriň ýygnalyp bilinmeýändigi aýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylyň hüjümleri sebäpli ýene-de 8 palestinli ýogaldy
Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 72 müň 783 adama ýetdi
Erdogan Makron bilen Eýrandaky ýaraşygy, Liwany we Gazany ara alyp maslahatlaşdy
Türkiýe Ysraýylyň Gaza kömek flotiliýasyna çäre görmegini "garakçylyk" hökmünde häsýetlendirdi
Türki döwletleriň arasynda elektron söwda we sanly hyzmatlar ýeňilleşdiriler
Russiýa Ukraina bilen Pasha baýramy mynasibetli atyşygy bes etdi
Russiýa ukrainaly müň esgeriň jesedini yzyna berdi