Ysraýylyň Gazada guran soňky hüjümlerinde ýene-de ençeme palestinaly ýogaldy

Ysraýylyň Gazada guran soňky hüjümlerinde ýene-de ençeme palestinaly ýogaldy

Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýannamada, Ysraýylyň 7-nji oktýabryndan bäri Gaza zolagyna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň soňky 24 sagatda Gazada amala aşyran hüjümlerinde ýene-de 37 palestinalynyň ýogalandygy, 73 palestinalynyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza zolagyna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 39 müň 400 adama, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 90 müň 996 adama ýetendigi ýatladyldy.

Beýannamada mundan başgada ýumrulan binalaryň harabalyklarynyň arasynda we ýoluň gyralarynda ýogalan adamlaryň jesetleriniň bardygy, emma ysraýylly esgerleriň päsgel bermegi sebäpli şol jesetleriň ýygnalyp bilinmeýändigi aýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 72 müň 783 adama ýetdi
Türkmenistan Daşkentde geçirilen C5+1 duşuşygynda medeni hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtady
Türki döwletleriň arasynda elektron söwda we sanly hyzmatlar ýeňilleşdiriler
Türkiýe Ysraýylyň palestinli tussaglylar üçin girizen ölüm jezasyny ýazgardy
Pakistan Ysraýylyň Liwana guran hüjümlerini ýazgardy
Russiýa Ukraina bilen Pasha baýramy mynasibetli atyşygy bes etdi
Russiýa ukrainaly müň esgeriň jesedini yzyna berdi