Ysraýylyň Gazada soňky 24 sagatda guran hüjümlerinde ýene-de 40 palestinaly ýogaldy

Ysraýylyň Gazada soňky 24 sagatda guran hüjümlerinde ýene-de 40 palestinaly ýogaldy

Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza zolagyna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 38 müň 193 adama, ýaralananlaryň sany bolsa 87 müň 903 adama ýetdi.

Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýannamada, Ysraýylyň 276 gün bäri Gaza zolagyna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň soňky 24 sagatda Gaza garşy 3 aýry hüjüm gurandygy, guralan hüjümlerde ýene-de 40 palestinalynyň ýogalandygy, 75 palestinalynyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza zolagyna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 38 müň 193 adama, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 87 müň 903 adama ýetendigi ýatladyldy.

Beýannamada mundan başgada ýumrulan binalaryň harabalyklarynyň arasynda we ýoluň gyralarynda ýogalan adamlaryň jesetleriniň bardygy, emma ysraýylly esgerleriň päsgel bermegi sebäpli şol jesetleriň ýygnalyp bilinmeýändigi aýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 72 müň 783 adama ýetdi
Erdogan Makron bilen Eýrandaky ýaraşygy, Liwany we Gazany ara alyp maslahatlaşdy
Türkiýe Ysraýylyň Gaza kömek flotiliýasyna çäre görmegini "garakçylyk" hökmünde häsýetlendirdi
Ysraýylyň Gazadaky hüjümlerinde ýene-de iki palestinaly ýogaldy
Innowasion tehnologiýalaryň IV bäsleşiginiň jemi jemlendi
Ysraýylyň Gaza guran soňky hüjümlerinde ýene-de üç palestinaly öldürildi
Türkiýe durnukly parahatçylyga goşant goşar