Ysraýylyň Gazanyň merkezindäki ýaşaýyş jaýyna hüjüm etmegi netijesinde ýedi palestinaly ýaralandy

Ysraýylyň Gazanyň merkezindäki ýaşaýyş jaýyna hüjüm etmegi netijesinde ýedi palestinaly ýaralandy

Lukmançylyk çeşmeleriniň maglumatyna görä, Ysraýylyň Gazanyň merkezindäki ýaşaýyş jaýyny öňünden duýdurman nyşana alyp, hüjüm guramagy netijesinde ýedi palestinaly ýaralandy.

Habar çeşmeleriň maglumatyna görä, orta we agyr görnüşde ýaralanan adamlar şäheriň dürli hassahanalaryna ýerleşdirildi.

Şaýatlaryň aýtmagyna görä, Ysraýylyň dikuçary anna güni irden Gazanyň merkezindäki Ýarmuk stadionynyň golaýyndaky Haraz binasynyň aşagyndaky söwda ammarlaryna hüjüm gurady.

Gaza Raýat Goranyş müdirligi başga bir beýanatynda hüjümden soň sebitde dörän ýangynyň söndürilendigini we ýaralanan birnäçe adamyň ewakuasiýa edilendigini habar berdi.

Ysraýyl 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda başlan genosid urşunda aglabasy zenanlardan we çagalardan ybarat 72 müňden gowrak palestinalyny öldürdi, 172 müňden gowrak adamy ýaralady we Gazadaky raýat infrastrukturasynyň 90 göterimine ýok eden, uly weýrançylyklara sebäp boldy.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl Gazada bosgun düşelgesine guran hüjüminde bäş palestinalyny öldürdi
Ysraýylyň Gazada guran hüjümlerinde alty adam ýogaldy
Halkara ulgam, uly ykdysady çökgünligi başdan geçirýän Müsüre goldaw berýär.
NATO Hem-de ÝB-ne Agza Ýurda Ýaragly Uçarmansyz Howa Ulagy Eksport Edildi
Russiýa Britaniýanyň Harby Attaşesini Ýurtdan Çykarar
Prezident Erdogan Ýaşlar Bilen Duşuşyk Geçirdi