Ysraýylyň goşunynyň Gaza garşy başladan hüjümlerine 24 gün boldy

Ysraýylyň goşunynyň Gaza garşy başladan hüjümlerine 24 gün boldy

Ysraýyla degişli harby uçarlaryň Gazanyň merkezinde ýerleşýän Zewaýide sebitinde palestinaly bir maşgalanyň öýüne guran hüjüminde 11 adamyň ýogalandygy, köp sanda adamyň ýaralanandygy habar berildi.

Gazanyň günortasynda guralan Ysraýylyň hüjümlerinde 2 ýaşaýyş binasynyň ýumrulandygy we harabalyklaryň aşagyndan köp sanda adamyň öli we ýaraly ýagdaýda çykarylandygy mälim edildi.

Ysraýylyň goşunynyň Gazanyň demirgazygyndaky Jebaliýe bosgun düşelgesinde guran hüjüminde 3 adamyň ýogalandygy, onlarça adamyň ýaralanandygy aýan edildi.

Ysraýylyň goşuny esgerleriň gabaw astyndaky Gaza sektoryna gury ýer operasiýasyny giňeltmäge dowam edýändigini beýan etdi.

Goşunyň metbugat geňeşçisi admiral Daniel Hagari, Ysraýylyň Gazada tapgyrlaýyn häsýetde we meýilnma görä öňe gidişlik edýändigini aýdyldy.

Metbugat geňeşliginden berilen beýanatda, harby güýçleriň Gazada "ençeme söweşijini öldürendigi" bellendi.

Hassahanalary hem nyşana almakdan çekinmeýän Ysraýyl goşuny Gazadaky Iýerusalim hassahanasynyň töweregine raketalar bilen hüjüm gurady, Indoneziýa hassahanasynyň töweregini hem bombalady. Ysraýylyň goşuny Iýerusalim hassahanasyny nyşana almak bilen hemle atýar.

Asuda ilatyň ýaşaýan binalary nyşana alynyp, hüjüm guralan düýn gijeki hüjümlerde ýene-de ençeme adamyň ýogalandygy we ýaralanandygy habar berildi.

Ysraýylyň hüjümlerinde Gazada hyzmat berýän Türkiye-Palestina Dostluk hassahanasynada zyýan ýetdi.

Gazadaky rak keseli bilen kesellän adamlaryň bejergi alýan ýeke täk hassahananyň Türkiye-Palestina Dostluk hassahanasydygyny aýdan Hassahananyň müdüri lukman Subhi Sekkik, hassahananyň goralmagy üçin Türkiyeden kömek sorady.

Beýleki tarapdan Gazada ýaýlyma berilýän Al-Aksa telewideniýe kanaly, Ysraýylyň hüjümlerinde ak fosfor bombasyny ulanmaga dowam edýändigini mälim etdi.

Ysraýylyň goşuny 7-nji oktýabrdan bäri Gazada 200 müňden gowrak ýaşaýyş binasyny nyşana alyp, hüjüm gurady. 80 hökümet binasy, 47 metjit, 3 buthana we 203 mekdep Ysraýyl tarapyndan bombalandy. 12 hassahana we 32 saglygy goraýyş edarasy hüjümleriň netijesinde ýumruldy.

Gaza sektoryna ynsanperwer kömekleriň girmegi bolsa çäkli ýagdaýda dowam edýär. Müsüre açylan ýeke täk gümrük geçelgesi bolan Refah gapysyndan ýene-de 24 ýük ulagy Gaza girdi. 7-nji oktýabrdan bäri Gaza giren ýük ulaglarynyň sany 114-e ýetdi.

Beýleki tarapdan bolsa Ysraýyl Hamasyň elindäki ýesirleriň sanynyň 239 adamdygyny beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

ÝUNİSEF Gazanyň Rafah Şäherinde Çagalaryn Öldürilmeli Däldigini Beýan Etdi
Ysraýyl 215 Günden Bäri Gazany Bombalaýar
Ysraýyl 215 Günden Bäri Gazany Bombalaýar
Gazada Ynsanperwer Kömekleri Halka Paýlanyp Bilinmeýär
Rafah Gümrük Geçelgesi Ýapyldy
Ysraýyl Rafahda Gyrgynçylyk Etmage Taýýarlyk Görýär