
Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýannamada, Ysraýylyň 286 gün bäri Gaza zolagyna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.
Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň soňky 24 sagatda Gazada amala aşyran 3 aýry gyrgynçylygynda ýene-de 54 palestinalynyň ýogalandygy, 195 palestinalynyň hem ýaralanandygy nygtaldy.
Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza zolagyna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 38 müň 848 adama, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 89 müň 459 adama ýetendigi ýatladyldy.
Beýannamada mundan başgada ýumrulan binalaryň harabalyklarynyň arasynda we ýoluň gyralarynda ýogalan adamlaryň jesetleriniň bardygy, emma ysraýylly esgerleriň päsgel bermegi sebäpli şol jesetleriň ýygnalyp bilinmeýändigi aýan edildi.