Ysraýylyň Guran Operasiýasynda Palestinaly 2 Ýetginjek Ýogaldy

Ysraýylyň Guran Operasiýasynda Palestinaly 2 Ýetginjek Ýogaldy

Ysraýylyň howpsyzlyk güýçleriniň basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriada guran operasiýasynda agyr ýaralanan palestinaly 2 ýetginjegiň ýogalandygy, 3 palestinalynyň ýaralanandygy habar berildi.

Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen ýazmaça beýannama görä, Ysraýylyň howpsyzlyk güýçleriniň Günbatar Şerianyň demirgazygynda ýerleşýän Kubatiýe etrapçasyna guran operasiýasynda Abdulhadi Ýusuf göwsünden, Habib Kumeýli bolsa kellesinden agyr ýaralandy.

Jenin hassahanasynda bejergi astyna alynan iki ýetginjek halas edilip bilinmedi we ýogaldy.

Operasiýada palestinaly 3 adam hem ýaralandy.

Ysraýyl tarapyndan berlen beýannamada, operasiýanyň palestinaly Muhammed Ali Kamiliň tussag edilmegi maksady bilen guralandygy nygtaldy.

Operasiýany bökdemäge çalşan palestinaly ýaragly topar bilen ysraýylly esgerleriň arasynda çaknyşygyň bolandygy ýatladyldy.

Ýene degişli makalalar

Filippinlerde terror guramasy DAIŞ-e garşy operasiýa geçirildi
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Nigeriýada 10 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Türkiýe Mossada Garşy Möhüm Operasiýa Geçirdi