Ysraýylyň hüjümlerinde soňky 24 sagatda ýene-de 187 palestinaly ýogaldy

Ysraýylyň hüjümlerinde soňky 24 sagatda ýene-de 187 palestinaly ýogaldy

Şu gije Ysraýylyň gabaw astyndaky Gaza Sektorunyň dürli etrapçalaryna guran hüjümlerinde azyndan 45 palestinaly öldi, onlarça adam ýaralandy.

Palestinanyň resmi “WAFA” habarlar gullugynyň mälim etmegine görä Ysraýylyň harby uçarlarynyn Gaza Sektorunyň günortasyndaky Han Ýunus şäheriniň gündogaryndaky Al-Fahhari etrabynda Al-Amurileriň maşgalasyna degişli öýe guran howa hüjüminde 11 adam öldi, onlarça adam ýaralandy.

Ysraýylyň Gaza Sektorunyň günortasyndaky Rafah şäherinde bir palestinalynyň öýüniň nyşana alynmagy sebäpli azyndan 20 adam ýogalan bolsa, Rafahdaky Şabura bosgun düşelgesinde-de Diýablaryň maşgalasynyň öýüniň bombalanmağy netijesinde köp sanly adam öldi we ýaralandy.

Ysraýylyň harby uçarlary şeýle hem Gaza Sektorunyň merkezi etraplaryndan birinde ýerleşýän Al-Magazi bosgun düşelgesine birnäçe howa hüjümini gurady.

Düşelgedäki Az-Zaferan metjidiniň ýany bilen azyndan iki öýe guralan howa hüjümlerinde 14 adam ýogaldy.

Gazadaky Saglygy goraýyş ministrligi Ysraýylyň hüjümlerinde soňky 24 sagatda ýene-de 187 palestinalynyň ýogalmagy bilen jemi ýogalanlaryň sanynyň 21 müň 507 adama, ýaralanan palestinalylaryň sanynyň bolsa 55 müň 915 adama ýetendigini habar berdi.

Hamasyň harby şahasy Kassam topary 7-nji oktýabrda "Aksa Tupany" ady bilen Ysraýyla garşy giň gerimli hüjüm başladandygyny beýan edipdi.

Ysraýylyň goşuny hem şoňa jogap hökmünde harby uçarlary bilen Gaza sektoryna garşy "Demir Gylyçlar" ady bilen operasiýa başladandygyny mälim edipdi.

Başdan geçirilýän dartgynlykda aglabasy çaga bolan 21 müň 507-den gowrak palestinaly ýogaldy.

Ýene degişli makalalar

Palestinaly Toparlar Ysraýylyň Harby Goşunyna Degişli 21 Ulagy Nyşana Aldy
Ysraýylyň Gaza garşy hüjümleri dowam edýär
Ysraýylyň goşuny Gazada asuda ilatly ýerleri nyşana alýar
Ysraýylyň Gaza sektoryndaky gyrgynçylyklary dowam edýär
Gazada ýene-de bir metbugat işgäri öldürildi
Gazada Ynsanperwer Kömekleri Halka Paýlanyp Bilinmeýär