Ysraýylyň Liwana guran soňky hüjümlerinde 6 adam ýogaldy

Ysraýylyň Liwana guran soňky hüjümlerinde 6 adam ýogaldy

Liwanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, sişenbe güni Ysraýylyň Liwanyň günortasyna guran hüjümlerinde 6 adam ýogaldy, 3 adam ýaralandy.

Hüjümler Ysraýylyň atyşygyň bes edilmegi baradaky ylalalşygy bozmaga dowam edýändigini görkezýär.

“NNA” habarlar gullugyna görä, Ysraýylyň Nabatiýe etrabynyň al-Manfara etrapçasynda bir öýe guran howa hüjüminde 4 adam ýogaldy, 2 adam ýaralandy. Hüjüm sebäpli öý dolulygyna ýykyldy.

Habarlar gullugyna görä, Harouf etrabynda häkimligiň golaýynda duran ulasg nyşana alyndy. Dron hüjüminde asuda ilatdan 1 adam ýogaldy, etrap mejlisiniň agzasy bolan 1 adam hem ýaralandy.

Ysraýylyň Bint Žbeil etrabynyň Froun etrapçasyna guran dron hüjüminde hem 1 adam ýogaldy.

Ysraýyla degişli harby uçarlar ertiriň irki sagatlarynda Tyreniň golaýynda Al Wahda uniwersitetiniň ýerleşýän zolagyna iki raketa atdy.

Ysraýylyň 17-nji aprelde ABŞ-nyň töwellaçylyk etmeginde atyşygyň bes edilmegi boýunça gazanylan we iýul aýynyň başyna çenli uzadylan ylalaşyga garamazdan guraýan hüjümleri ünsleri özüne çekýär.

Liwanly resmilere görä, Ysraýylyň 2-nji martdan bäri Liwana garşy guraýan hüjümlerinde azyndan 3 müň 20 adam ýogaldy, 9 müň 273 adam hem ýaralandy.

Hüjümler sebäpli 1,6 million adam hem ýaşaýan ýerini terk etdi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl ylalaşyga garamazdan Liwanyň günortasyna täze hüjümlerini başlatdy
Ysraýylyň Liwanyň günortasyna guran soňky howa hüjümlerinde ýene-de 17 adam ýogaldy
Ysraýyl Liwanyň günortasyna guraýan hüjümlerini dowam etdirýär
Ysraýyl ylalaşygyň möhlediniň uzaldylandygyna garamazdan Liwana hüjüm gurady
Ysraýyl Liwanyň günortasynda ýerleşýän 12 obanyň boşaldylmagyny isledi
Ministr Fidan eýranly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi