Ysraýylyň Mektebe Guran Howa Hüjüminde 27 Adam Ýogaldy

Ysraýylyň Mektebe Guran Howa Hüjüminde 27 Adam Ýogaldy

Ysraýylyň harby uçarlarynyň Gaza Sektorynyň demirgazygynda ýerleşýän mektebe guran howa hüjüminde 27 adam ýogaldy, 93 adam ýaralandy.

Palestinanyň resmi “WAFA” habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Ysraýylyň harby uçarlary, Gazanyň demirgazygynda ýerleşýän öýlerini terk etmeli bolan palestinal bosgunlaryň bolýan Jibaliýa bosgun düşelgesinde BMG-na degişli mektebe howa hüjümini gurady.

Abu Hüseýin atly mektebe guralan howa hüjüminde 27 adam ýogaldy, azyndan 93 adam ýaralandy.

Ysraýylyň harby uçarlarynyň Gaza sektorynyň merkezinde we günortasynda ilatly ýerlere guran howa hüjüminde hem azyndan 11 adam ýogaldy, köp sanly adam ýaralandy.

Beýleki tarapdan Gazadaky Saglygy goraýyş ministrligi, Indoneziýa hassahanasyna Ysraýyl tarapyndan bombaly hüjümiň guralandygyny mälim etdi.

Palestinanyň resmi “WAFA” habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, ysraýylly esgerleriň bombaly hüjümden soň hassahana girendigini, ýaralanan 1 zenany öldürendigini, azyndan 3 adamy ýaralandygyny, 3 adamy hem saklandygyny habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Eýran-Ysraýyl Dartgynlygy
Ysraýyl 202 Günden Bäri Gazany Bombalaýar
Ysraýyl 201 Günden Bäri Gazany Bombalaýar
Ysraýyl Gazany Bombalamaga Dowam Edýär
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ysraýyldan Liwana Howa Hüjümi Guraldy
ÝB, Ysraýyla Guran Hüjümleri Sebäpli Eýrana Sanksiýa Goýar