Ysraýylyň, Siriýa Howa Hüjümini Gurandygy Öňe Sürüldi

Ysraýylyň, Siriýa Howa Hüjümini Gurandygy Öňe Sürüldi

Ysraýylyň, Siriýanyň paýtagty Damaskda käbir harby merkezlere howa hüjümini gurandygy öňe sürüldi.

Siriýanyň SANA habarlar gullugynyň berýän habarynda, ýerli wagt bilen 00.25-de, Damaskyň golaýyndaky käbir harby merkezlere, Golan depelerinden Ysraýylyň harby goşuny tarapyndan howa hüjüminiň guralandygy öňe sürüldi.

Habarda, “Howa goranyş ulgamlarymyz, duşmanyň raketalarynyň esasy bölegini urup düşürdi. Iki esger ýeňil ýaralandy” diýildi.

Damaskyň golaýynda Siriýanyň harby goşuny we Eýran tarapyndan goldanýan terrorçy toparlar bilen birlikde Hizbullahyň iş alyp barýandygy bilinýär.

Ysraýyl, içerki urşuň başlan ýyly bolan 2011-nji ýyldan bäri Siriýa wagtal-wagtal howa hüjümini guraýar.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylyň Damaska Hüjüm Gurandygy Habar Berildi
Ysraýyl Eýranyň Damaskdaky Diplomatik WekIlhanasyna Hüjüm Etdi
Stefan Dýužarrik Eýranyň Siriýadaky ilçihanasyna guralan hüjüm barada beýannama berdi
Türkiye Ysraýylyň Eýranyň Siriýadaky Ilçihanasyna Guran Hüjümini Ýazgardy
ÝB Eýranyň Damaskdaky Konsullygyna Guralan Hüjümi Ýazgardy
Ysraýylyň Rimdäki Ilçihanasy Howpsuzlyk Sebäpli Ýapyldy
BMG, Eýran-Ysraýyl Dartgynlygynyň Möwjemegine Alada Bildirýär