Yssy howa türk şäherinde asfalty eretdi

Yssy howa türk şäherinde asfalty eretdi

Türkiýe çakdanaşa yssydan ejir çekýär. Ýurduň Bodrum şäherinde howanyň derejesi 40 gradusdan geçýär, netijede, ýollarda asfalt eräp başlady. Bu barada TGRT Haber neşirine salgylanýan Gazeta.ru ýazýar.

Bodrumyň käbir etraplarynda kölegede yssynyň derejesi 44 gradusdan geçýär. Jokrama yssy sebäpli, etrabyň Kumkeý, Pynarlybelen we Etrim obalarynda ýollarda asfaltyň ereýändigi hasaba alyndy diýlip, habarda aýdylýar.

Erän asfalt ýollarda gatnaýan obalylardyr sürüjiler üçin kynçylyklar döredi diýip, ady tutulan türk teleýaýlymy habar berdi.

Türkiýede häzirki wagtda afrika yssysynyň täze tolkuny dowam edýär.

Ýene degişli makalalar

Kruiz Gämileri Bodruma Gelmäge Dowam Edýär
“Star Legend” Atly Kruiz Gämisi Bodruma Geldi
Bodruma ägirt uly gämi bilen 4 müň 187 syýahatçy geldi
“Renaissance” Gämisi Bodruma Geldi
“Silwer Ray” Gämisi Bodruma Geldi
Erkek kişi burny bilen ýalt harp ýygmakda rekord goýdy