Ýüpek ýoly: sekiz tapgyrdan soň türkmen toparlary öňde barýar

Ýüpek ýoly: sekiz tapgyrdan soň türkmen toparlary öňde barýar

Ýüpek ýoly halkara rallisiniň resmi saýty ýolsaýlamazlaryň arasyndaky T2 ýaryşynyň yzda galan sekiz tapgyryndan soň ilkinji üç orny türkmenistanly toparlaryň eýeleýändigini nygtaýar. Yzda galan tapgyrlaryň netijesinde Merdan Toýlyýewiň topary birinji, Şamyrat Gurbanow ikinji, Maksatmyrat Daňatarow bolsa üçünji orny eýeleýär.

Soňky tapgyrlary öz ýeňişlerine besleýän sankt-peterburgly sürüji Dmitriý Woronow bolsa heniz umumy hasapda dördünji basgançakdan ýokary galyp bilenok.

Ýeri gelende aýtsak, ýaryşyň 8-nji tapgyryndaky öňdäki üç ornuň ikisini ýene-de Türkmenistanyň wekilleri eýelediler. Has takygy, Merdan Toýlyýew bilen Şamyrat Gurbanow biri-birinden 25 sekunt tapawutlykda pellehana ikinji we üçünji bolup geldiler. Birinji orny bolsa D.Woronow eýeledi.

Ýene degişli makalalar

Ýüpek ýoly ― 2024: sekizinji tapgyrda Daňatarowyň topary ýeňiji boldy
Türkmen toparlarynyň ikisi Ýüpek ýoly ― 2024 halkara rallisinde öňdäki orunlara eýe boldular
Garagum sährasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ralli-reýd ýaryşy geçirildi
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Ýüpek ýoly rallisiniň bäşinji tapgyrynda Merdan Toýlyýewiň ekipažy pellehana ilkinji geldi
Türkmenistan Russiýadan 5 sany teplowoz satyn aldy, Milli Geňeşiň Mejlisi 14 sany täze kanun kabul etdi, RF-niň agentlikleri rus KHBS-niň saýtlarynyň ýapylandygy hakyndaky maglumaty ret etdi we beýleki habarlar