Ýüpekçi hojalyk jemgyýeti täze önümini tropiki miwe tagamly Bold Wild Edition içgisini hödürleýär.
Ekzotik miweleriň mangonyň, papaýanyň, bananyň tagamlaryny özünde jemleýän açyk güneşli içgi özüne çekiji ýakymly tagamy we toniki witamin goşundylary sebäpli köp işleýän işjeň adamlary özüne çeker.
Ýylyň sowuk möwsüminde Bold Wild Edition içgisiniň tagamy we onuň güneşe meňzeş açyk reňki tomus paslyny ýadyňa salýar.
Ýüpekçi hojalyk jemgyýeti ýaňy-ýakynda-da özüniň täze önümi ýandak tagamly Bold Wild Edition içgisi bilen köp görnüşli Bold içgileriniň sanyny artdyrdy. Ýandak köp peýdaly häsiýetlere eýe bolan ösümlik. Hut şu nukdaýnazardan-da, ýandak tagamly Bold Wild Edition içgisi düýbünden özboluşlydyr we oňa meňzeş şerbet asla ýokdur.
