Ýürek buýsanjym

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli geçirilýän dabaraly pursatlar —ýaşlarynyň kalbynda mukaddes orun eýeleýän şanly senedir. Şol şanly dabara gatnaşyp, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyny alýanlaryň arasynda adymyň tutulmagy bolsa — ýüregime çäksiz, egsilmez buýsanç beren wakadyr.

Käbir duýgulary wasp etmäge söz ejiz gelýär, hatda şahyrana sözler hem gowşaýar. Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi diýen şanly we hormatly ada mynasyp bolmak hem edil şol ýakymly, joşgunly duýgularyň ählisini özünde jemleýär.

Bu beýik üstünlik, ilkinji nobatda, ýaşlara çäksiz ynam bildirýän, olaryň geljegi üçin uly alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan parasatly döwlet syýasatynyň, türkmen ýaşlaryna döredip berýän giň, çäksiz mümkinçilikleriniň aýdyň netijesidir.

Eziz Watanymyzda her bir ýaş hünärmeniň ujupsyzja zähmetine-de uly baha berilmegi, olara ähli taraplaýyn goldawlaryň berilmegi bizde has-da uly joşgun döredýär.Bu ynam we goldawlar biz ýaşlary has-da yhlasly zähmet çekmäge, eziz Watanymyzyň Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründäki beýik ösüşine mydamalyk we mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýar.

Pederlerimizden miras galan mukaddes zähmet ýoluny dowam etmek, olaryň bize sargyt eden belent watansöýüjiligini ýürekde saklap, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň şan-şöhratyny has-da beýgeltmek biziň hem mukaddes borjudyr!

Biz ýaşlara okamaga öwrenmäge we öwretmäge berilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanyp öz hünär ussatlygymyzy kämilleşdirip giň dünýägaraýyşly ýaşlary ýetişdirmek biz mugallymlaryň baş maksadydyr.

Bize şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli umumyadamzat ähmiýetleri tutýan tutumly işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin !

Ýaňyljan PALÝAZOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy

Ýene degişli makalalar

Raýatlar durnuksyz Internet üpjünçiliginden şikaýat edýär
Marynyň polisiýasy ýörite geçelgelerden geçmeýän pyýadalary tutýar
Sebitara transport kynçylyklary dowam edýär, taksileriň ýol kireýleri gymmatlaýar
Türkmenistanda Orsýete gatnaýan uçarlara isleg artýar, 'araçy' hilegärleriň duzagyna düşýän adam köpelýär
Türkmenabatda syrkaw studentler aýazly howada çärä çekildi
Azatlygyň 'gülençileriň' ykbaly baradaky habaryndan soň MHM maglumatyň çeşmelerini gözleýär