ÝUNISEF hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi çagalara gaýragoýulmasyz kömek hyzmatyny güýçlendirýär

ÝUNISEF hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi çagalara gaýragoýulmasyz kömek hyzmatyny güýçlendirýär

Aşgabat şäherinde we ýurduň bäş welaýatynyň saglygy goraýyş işgärleri çagalara we täze doglan bäbeklere gaýragoýulmasyz kömek hyzmatyny guramak boýunça okuw geçdiler. Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu okuw ýurduň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy bilen bilelikde guraldy. Okuwy halkara hünärmenler Dmitriý Sankawes we Mihail Strižak alyp bardy. Okuwyň nazary bölegi Halkara okuw-ylmy merkezinde, amaly bölegi bolsa Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde geçirildi.

Okuwyň netijesinde saglygy goraýyş işgärleri bäbekler we çagalar babatda adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak endiklerini ösdürdiler. Bu başlangyç 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn gelejek atly milli strategiýanyň maksatlaryna laýyk gelýär.

Saglygy goraýyş işgärleriniň idegiň möhüm jähetleri boýunça mümkinçiliklerini yzygiderli artdyrmak, bäbekleriň we çagalaryň arasynda diri galma derejesini ýokarlandyrmak, maýyplygy azaltmak üçin möhüm çäredir.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI S.BERDIMUHAMEDOWYŇ ADYNA TÄZE ÝYL MYNASYBETLI GELEN GUTLAG HATLARY
HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ ADYNA GELEN HATLAR
Awazada “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek” atly halkara maslahat geçiriler
BMG Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň işine ýokary baha berýär
Bütindünýä çagalar güni mynasybetli çäre geçirildi