ÝUNISEF-iň başlangyjy bilen howaýollary şereketleri COVID-19 sanjymlarynyň daşalmagyna goldaw berer

ÝUNISEF-iň başlangyjy bilen howaýollary şereketleri COVID-19 sanjymlarynyň daşalmagyna goldaw berer

Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy bolan ÝUNISEF-iň başlangyjy esasynda koronawirus sanjymlaryny bütin dünýäde deň paýlamaklyk üçin öňdebaryjy howaýollary şereketleri bilen ynsanperwer howa gatnawlary ýola goýlup başlandy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy bolan ÝUNISEF tarapyndan berlen beýanda 15-den gowrak howaýollary kärhanasy bilen baglaşylan Global logistika şertnamasynda COVID-19 sanjymlaryny, zerur dermanlary, lukmançylyk enjamlaryny we beýleki möhüm zatlary paýlamaklygyň ýola goýuljakdygy habar berildi.

ÝUNISEF-iň ynsanperwer howa gatnawlary başlangyjynyň çäginde, koronawirus sanjymlaryna adalatly elýeterliligi üpjün etmekligi maksat edinýän COVID-19 sanjymlaryna global elýeterlilik maksatnamasy — COVAX 100-den gowrak ýurdy öz içine alýan howaýollary şereketleriniň ýygnanmagy bilen goldanylar.

ÝUNISEF-iň beýanynda howaýollary şereketleriniň lukmançylyk enjamlarynyň iberilmegine ilkinji nobatda ähmiýet berjekdigi, şeýle hem temperatura gözegçilik we howpsuzlyk ýaly çäreleri görjekdigi we zerur sebitlere goşmaça transport goldawyny berjekdigi nygtaldy.

Şu wagta çenli Global logistika şertnamasyna gol çeken howaýollary kärhanalarynyň arasynda AirBridgeCargo, Air France/KLM, Astral Aviation, Brussels Airlines, Cargolux, Cathay Pacific, Emirates Skycargo, Ethiopian Airlines, Etihad Airways, IAG Cargo, Korean Air, Lufthansa Cargo, Qatar Airways, SAUDIA, Singapore Airlines we United Airlines ýaly şereketler bar.

Ýene degişli makalalar

26-njy iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türk kärhanalar Eýrana, Yraga, Siriýa, Liwana we Iordaniýa ähli uçuşlaryny 6-njy marta çenli ýatyrdy
Emin hyzmat kompaniýasy syýahatçylyk hyzmatlarynyň bitewi toplumyny hödürleýär
Turkish Airlines-yň Aşgabatdaky ofisi hyzmatlaryň bitewi toplumyny hödürleýär
9-njy oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Turkish Airlines Santýago şäherine uçuşlary ýola goýýar
Turkish Airlines mobil goşundysy bilen syýahatyňyzy ýeňilleşdiriň