Ýupiter syrlaryny açýar

Kosmos zondy “Juno”-nyň ugradan fotosuratlary Ýupiteriň polýuslarynda ägirt uly apy-tupanlary ýüze çykarmaga mümkinçilik berdi.Fotosuratlar Gün ulgamynyň iň uly planetasynyň polýusynda ägirt uly harasatlaryň turýandygyny ýüze çykardy.

Alymlar harasatlaryň diametriniň müňlerçe kilometre barabardygyny, tüweleýleriň bolsa, gazly planetanyň howa gurşawynyň jümmüşine aralaşyp gidýändigini anykladylar.Bu siklonlaryň ýaşynyň mundan ozal Ýupiterde ýüze çykarylan Uly Gyzyl tegmilden uludygy çak edilýär.ABŞ-nyň kosmos agentligi NASA “Juno” zonduny 2011-nji ýylyň 5-nji awgustynda uçurypdy.

Zond bäş ýyldan soň, uçuşyny tamamlap, Ýupiteriň orbitasyna giripdi.Onuň esasy maksady magnit meýdanyny hem-de planetanyň howa gurşawynyň seljeriş işlerini geçirmekden ybaratdyr.

Ýene degişli makalalar

“Galileo” emeli hemrasy Ýupiteriň orbitasyna baryp ýetdi
13-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
NASA başga planetalylar üçin niýetlenen nyşanyň dizaýnyny tanyş etdi
Saturn bir kometany Gün ulgamynyň daşyna çykardy
7-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Üç ýyl yza süýşürildi