Ýurda aralaşan sowuk howa gündogar sebitlerde gündelik durmuşy bökdeýär

Ýurda aralaşan sowuk howa gündogar sebitlerde gündelik durmuşy bökdeýär

Türkmenistanyň gündogar sebitlerinde howanyň temperaturasynyň birden ep-esli aşaklamagy bilen, ilatly nokatlaryň infrastruktura ulgamlarynda bökdençlikler ýüze çykýar. Käbir obalarda ýerli ýaşaýjylar elektrik energiýasynyň hem-de tebigy gazyň üpjünçiligindäki bökdençlikler zerarly odun ýakyp ýylanýarlar. Maşgala çäreleri hem emele gelen oňaýsyzlyklardan öz paýyny alýar.

Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde howanyň temperaturasy 12-nji dekabrda gündiz -10 gradusa çenli peseldi, gije 18 gradus sowuk boldy.

Bu ýagdaý Türkmenabat şäheriniň jemgyýetçilik ulag serişdeleriniň işini bökdedi. Dizel ýangyjy bilen işleýän ýolagçy awtobuslarynyň hem-de awtomobil ýük ulaglarynyň ýangyjynyň sowuk howa sebäpli doňup galan pursatlary boldy.

“Ençeme ýolagçy awtobuslary awotparklardan çykarylmady. Gatnaw ugurlarynda hereket edýän käbir awtobuslaryň solýarkasy doňup galdy. Üstaşyr daşary ýurt ýük ulaglarynyň hem solýarkasynyň doňup galan pursatlary boldy” diýip, transport pudagyndan habarly bir türkmenabatly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, sişenbe güni şäherdäki ýolagçy awtobuslarynyň tas ýarysy transport kärhanasynyň awtoparklaryndan çykarylmady.

Gündogar welaýatyň käbir künjeklerinde 12-nji dekabra geçilen gije termometrler -15...-21 gradus aralygynda görkezdi.

Sebite aralaşan sowuk howa Çärjew etrabynyň Farap şäherinde hem-de Ýasydepe we Garawul obalarynda gazyň basyşyny peseltdi, ýyladyş gazanlaryny öçürdi.

12-nji dekabrda Farapda howa 10 gradus sowuk boldy, ýöne howanyň sowugy -17 gradus töwereklerinde duýulýar. Aýaz bilen aralaşan üpjünçilik meseleleri ýerli ýaşaýjylar üçin käbir oňaýsyzlyklary döredýär.

“12-nji dekabrda Farapda harby gullukdan boşap gelen esgerleriň şanyna hojalyklarda berlen hudaýýoly sadakalary tok kesilensoň, öçügsi we tutuk geçdi. Sadakalara barýan adamlar çyrasyz otaglarda oturyp, çöregiň duzuny dadyp, öýlerine gaýdýarlar. Bitaraplyk baýramçylygyna gabatlap, 12-nji dekabrda harby gullukdan boşap gelen ýigitleriň sany köp boldy” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Hudaýýoly sadakalaryny ýaşaýyş jaýlarynyň howlusynda geçirmekçi bolan hojalyklaryň myhmany köp bolmady. Çakylyga baran adamlar daşarda ýazylan saçaklaryň başynda, sowuk howa zerarly, uzak wagtlap oturyp bilmediler. Adamlar derrew myhmançylykdan gaýtmak bilen bolýarlar.

Käbir obalarda howanyň temperaturasy ep-esli aşanklansoň, hojalyk hyzmatlarynyň üpjünçiligi düýbünden bes edilýär. Iň zerur wagtynda, sowuk howa aralaşanda, tebigy gazdan we elektrik energiýasyndan mahrum galýan oba ýaşaýjylary odun ýakyp, ýylanmaga çalyşýarlar.

Welaýatyň Garawul obasynda ilat bökdençligiň getiren oňaýsyzlyklary bilen ýüzbe-ýüz galýar.

“Garawul obasynda ne tok bar, ne-de gaz bar. Oba ýaşaýjylary odun çapyp, howlusynda ot ýakyp ýylanýarlar. Adamlar oduň közüne endamlaryny çoýup ýylanýar” diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýar.

Bu aralykda, sebitiň administratiw merkezinde gaz üpjünçiliginiň ýagdaýy kadaly bolmagynda galýar. Ýöne şäheriň käbir etrapçalarynda Bitaraplyk baýramynda 4-5 sagat töweregi elektrik energiýasynyň üpjünçiligi kesildi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary 12-nji dekabrda gündogar sebitiň Darganata etrabynda oba ýaşaýjylarynyň öz hojalyk jaýlaryndaky bug gazanlaryna esewan etmek üçin, gijelerine nobatçylyk çekýändiklerini habar berdi.

Şeýle-de, sebitiň öri meýdanlarynda sowuk howa zerarly ýüze çykýan mal ölümleri hasaba alyndy.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki media serişdeleri ýurda aralaşýan sowuk howanyň fonunda infrastruktura ulgamlarynda ýüze çykýan näsazlyklar barada habar bermeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Daşoguz prezidentiň saparyna taýýarlanýar, býujet işgärleri arassaçylyk işlerine çekildi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köpugurly işewürlik merkezli “Garagum” oteliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Balkanda ýene bir hassahana diňe koronawirus näsaglaryny kabul edip başlady
Sadakalar üçin çadyrlaryň kireýiniň bahasy Aşgabatda gymmatlady
Ýol ulag heläkçiliginde ölen harbylaryň sany 30 adamdan geçýär
Türkmenistanda ýol hadysasynda ölen harby gullukçylaryň sany 30-dan aşdy