Ýurdumyzyň bilim ojaklary täze okuw ýylynyň bosagasynda

Berkarar döwletimizde ýaşlaryň ylym-bilim öwrenmegi, ukyp-başarnyklarynyň ýüze çykarylmagy we ösdürilmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň nurana geljegini ylymly-bilimli ýaşlarda görýän hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň netijesinde, bilim ulgamynda döwrebap özgertmeler amala aşyrylýar. Şeýle özgertmelerden, özleri hakynda edilýän aladalardan ruhlanýan bagtyýar türkmen ýaşlary bilim almaga, ylym bilen içgin meşgullanmaga uly höwes bildirýärler. Ýurdumyzda 23-nji awgustda ýokary okuw mekdeplerinde giriş synaglary tamamlandy.

Orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglary bolsa guramaçylykly ýagdaýda geçirilýär.Olarda giriş synaglary 28-nji awgustda tamamlanar.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglary ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerinde geçirildi.

Şu ýyl bagtyýar ýaşlaryň müňlerçesi ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine resminamalaryny tabşyryp, höwes edýän hünärleri boýunça giriş synaglaryna gatnaşmaga mümkinçilik gazandy.Synaglar Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalary esasynda, degişli dil boýunça geçilýän derslerden başga beýleki okuw dersleri boýunça synaglar döwlet dilinde alnyp baryldy.

Dalaşgärleriň arasynda 2022-2023-nji okuw ýylynyň mekdep uçurymlary bilen birlikde, Watan öňündäki harby gulluk borjuny ýerine ýetirip gelen ýaşlar hem bar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinden bagtyýar ýaşlaryň giriş synaglaryna ýokary taýýarlykly gelmekleri döredilýän şertlerdir mümkinçilikler netijesinde olaryň saýlap alan hünärleri boýunça döwrebap bilim almaga höwesiniň artýandygynyň nyşanydyr.

Giriş synaglary bellenen tertibe laýyklykda, tapgyrlaýyn geçirildi.Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň ykdysadyýetiň ähli pudaklary üçin zerur bolan hünärmenleri taýýarlamak, milli bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen, ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde täze, döwrebap hünär ugurlaryny kesgitlemek baradaky tabşyrygyna laýyklykda,

2023-2024-nji okuw ýyly üçin ýokary okuw mekdepleriniň 10-synda täze hünärleriň 35-si girizildi. Olar bakalawr, hünärmen hem-de magistr maksatnamalary esasynda taýýarlyk ugurlaryny we hünärleri öz içine alýar.

Şeýlelikde, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda taýýarlygyň durmuş işi ugry boýunça bakalawr, pedagogika ugry boýunça bolsa magistr maksatnamasyna laýyklykda talyplara bilim berlip başlanar.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda maglumat howpsuzlygy ugry boýunça bakalawr, binagärlik we gurluşyk işlerinde raýat goranyşy, himiýa senagatynda we ulanylyşynda raýat goranyşy hünärleri boýunça hünärmen maksatnamasy esasynda talyplara bilim berler.

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň okuw maksatnamasyna şu ýyl taýýarlyk ugurlarynyň birbada 6-sy girizildi.Ykdysatçylary taýýarlaýan bu bilim ojagynda buhgalterçilik hasaba alnyşy, analiz we audit, maliýe, önümçiligiň ykdysadyýeti we gurluşy, işewürlik-informatika ugurlary boýunça bakalawr, ykdysadyýet we dolandyryş taýýarlygyň, ýagny ykdysadyýet, maliýe menejmenti, dünýä ykdysadyýeti, işewürlik dolandyryş ugurlarynda magistr maksatnamasy boýunça ýaşlara bilim berler.

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda hem täze hünärleriň birbada 8-si açyldy. Ýaşlara demir ýoluň elektrik üpjünçiligi, lokomotiwler, wagonlar hünäri boýunça hünärmen, gozgalmaýan emläkleriň ekspertizasy we dolandyrylyşy, ýerüsti ulag-tehnologik serişdeler, sanly infrastruktura we kiberhowpsuzlyk, howa hereketiniň dolandyrylyşy, howa ulgamynda gatnawlary guramak we dolandyrmak ýaly ugurlarda bakalawr maksatnamasy esasynda bilim berler.

Bakalawr maksatnamasy esasynda, talyplar S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde taýýarlygyň maglumat howpsuzlygynyň menejmenti (oba hojalygynda), Türkmen oba hojalyk institutynda oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy ugry boýunça okadylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda magistr maksatnamasy esasynda halkara ykdysadyýeti ugrunyň, Türkmen döwlet maliýe institutynda telekeçilik we maliýe ugrunyň açylandygyny bellemek gerek.

Täze okuw ýylynda döwrebap Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi, Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi, Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebi ilkinji talyplaryny kabul eder.

Arkadag şäherinde türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen döredilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda atçylyk weterinar lukmançylygy, weterinar we sanitar ekspertizasy, seýisçilik, atly sport we atly syýahatçylyk, milli at üstündäki oýunlar, sirk sungaty, oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy, oba hojalygynda buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit ýaly hünärler boýunça okadylar.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Medeni miras: geçmişden geljege, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda bolsa Durnukly ösüş üçin ekologik bilim atly

ÝUNESKO-nyň täze kafedralary açyldy.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaşlar syýasatyna giň gerim berilmegi netijesinde, ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul edilýän talyplaryň sany yzygiderli artdyrylýar. Bu bolsa ýaşlaryň saýlan hünärlerinde bilim almaklaryna, ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli ugurlary üçin kämil hünärmenleriň taýýarlanylmagyna giň mümkinçilikleri açýar.

Ýene degişli makalalar

Giriş synaglaryna badalga berildi
Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek işleri dowam edýär
Bilim ösüşleriň şamçyragy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÄZE ŞÄHERIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
Arkadag şäherinde Döwlet daragty atly sahna eseriniň ilkinji görkezilişi boldy