Ýurdumyzyň energetika syýasatynyň batly gadamlary

Ýurdumyzyň energetika syýasatynyň batly gadamlary

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany diýlip yglan edilen täze 2026-njy ýylyň uly dabaralar, şatlyk-şowhun bilen garşylanýan pursatlarynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda alnyp barylýan işleriň oňyn netije berýändigini alamatlandyrýan wakalar bilen has-da baýlaşdy.

Toý dabaralarynyň giňden ýaýbaňlandyrylan günlerinde Türkmengaz döwlet konserniniň degişli düzümleriniň yzygiderli tagallalary netijesinde tebigy gazyň täze akymlarynyň alnanlygy baradaky hoş habarlar pudagyň sazlaşykly ösüş ýoluna düşendigini äşgär edýär.Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny toplumlaýyn esasda ösdürmek boýunça öňe süren başlangyçlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ähli ugurlarda bolşy ýaly, ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerinde belent sepgitler eýelenýär. Şunda pudagyň ylmy esasda ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini aýratyn bellemeli.

Türkmengaz döwlet konserniniň Marygazçykaryş müdirliginiň buýurmasy esasynda, Türkmengazburawlaýyş müdirligi tarapyndan Galkynyş känini özleşdirmegiň birinji tapgyrynyň çäginde, 110 belgili ulanyş guýusy 4180 metr çuňluga burawlandy. Şunda degişli gatlagyň 4149 4015 metr açyk sütün aralygynda synag işleri geçirilende bir gije-gündizde senagat taýdan 2 mln kub metrden gowrak tebigy gazyň akymy alyndy.

Munuň özi Türkmengazburawlaýyş müdirliginde işleriň döwrebap derejede alnyp barylýandygynyň we onuň tehnologiýalarynyň häzirki zamanyň täzeçil usullarynyň esasynda kämilleşdirilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we dünýäniň ösen tejribesini netijeli özleşdirmek boýunça kesgitlän wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilýändigini alamatlandyrýar.

Alnan maglumatlardan belli bolşy ýaly, Merkezi Garagum gaz känler toplumynda ýerleşýän, Toparjulba gaz käninde hem tebigy gazyň täze akymy alyndy.Munuň özi pudagyň işgärleriniň we hünärmenleriniň Täze ýyl mynasybetli gazanýan zähmet sowgatlary hökmünde kabul edildi.

Türkmengaz döwlet konserniniň ähli düzümlerinde bolşy ýaly, Döwletabatgazçykaryş müdirliginde häzirki döwrüň talabyna laýyk derejedäki işler amala aşyrylýar. Şunda Döwletabatgazçykaryş müdirliginiň buýurmasy esasynda, Türkmengazburawlaýyş müdirligi tarapyndan kükürtsiz gazyň çykarylyşyny ýokarlandyrmak boýunça kesgitlenen meýilnama laýyklykda, Merkezi Garagum gaz känler toplumynda ýerleşýän Toparjulba gaz käninde 264 belgili ulanyş guýusy 1200 metr çuňluga burawlanyp, aşaky mel döwrüniň apt gatlagynyň 1085 1082 metr aralygy özleşdirilende senagat taýdan bir gije-gündizde 300 müň kub metre golaý tebigy gazyň akymy alyndy. Ýurdumyzda nebitgazyň täze ýataklarynyň gözlenilmegi we özleşdirilmegi netijesinde nebitiň we tebigy gazyň goşmaça möçberleri çykarylýar.

Munuň özi ýangyç-energetika toplumynyň ähli düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilýändiginiň, önümçilige häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň we täzeçil tehnologiýalaryň ornaşdyrylýandygynyň aýdyň netijesidir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmengaz döwlet konserni tarapyndan tebigy gazyň we gaz kondensatynyň goşmaça möçberlerini çykarmak, Galkynyş gaz känini yzygiderli özleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işler ýurdumyzda bu ugry ösdürmek, toplumyň eksport mümkinçiliklerini we önümçilik kuwwatyny artdyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işleriň oňyn netije berýändigini görkezýär.

Türkmengaz döwlet konserniniň degişli düzümleriniň işgärleri pudagyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda netijeli zähmet çekýärler.Bu bolsa pudagyň milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna mynasyp goşant goşýandygyny aýdyň edýär. Şeýlelikde, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň energetika syýasaty rowaçlyklara beslenýär.

Bu maglumatlar ýurdumyzyň tebigy gazy toplumlaýyn gaýtadan işlemek arkaly energiýa serişdelerini iri eksport ediji ýurt hökmündäki derejesini we onuň dünýäniň energetika bazarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Malaýda ýylda 30 milliard kub metr tebigy gazy gysyjy desga guruldy
01.12.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi