Ýurdumyzyň täsin çöl ekoulgamlary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi

20-nji sentýabrda Er-Riýadda (Saud Arabystany) geçirilen Bütindünýä mirasy komitetiniň 45-nji mejlisinde Türkmenistanyň “Bereketli Garagum”, “Gaplaňgyr”, “Repetek” we “Ýerajy” täsin çöl ekoulgamlary Türkmenistan, Gazagystan Respublikasy we Özbegistan Respublikasy tarapyndan bilelikde hödürlenýän “Turanyň sowuk gyş çölleri” transmilli nominasiýasynyň çäklerinde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.

Aram guşaklykdaky Turan çölleri atly köptaraplaýyn hödürnamanyň çäklerinde ýurdumyzyň Bereketli Garagum, Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanalarynyň, Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň we onuň Ýerajy çäkli goraghanasynyň çöl ekoulgamynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi ýurdumyzyň tebigy baýlyklary we täsin ekoulgamyny aýawly saklamakda amala aşyrýan işleriniň halkara bileleşik tarapyndan ykrar edilmeginiň nobatdaky aýdyň beýanydyr.

Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi, ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekili M.Çaryýew çykyşynda Bütindünýä mirasynyň komitetiniň agzalaryna karar kabul etmekde goldawlary, şeýle hem bu hödürnamany taýýarlamakda beren ýardamlary üçin halkara we milli hünärmenlere hoşallyk bildirdi.

“Turanyň sowuk gyş çölleri” ekologik we biologik prosessleriň yzygider nusgasy bolmak bilen, daşky gurşawyň şertleriniň üýtgemeginde dürli ösümlik we haýwanat dünýäsiniň uýgunlaşmagyny we ýaşamagyny kesgitlenýändigi bellendi. Bu desgalaryň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi global derejede ýitip gitmek howpy abanýan haýwanlaryň we ösümlikleriň ähli görnüşlerini has gowy gorap saklamak üçin ýurtlaryň halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmäge mümkinçilik berer.

Gözegçilik ulgamyny döretmek we yzygiderli maglumat alyşmak ýaly transmilli gurallar arkaly hödürlenen ýerleri dolandyrmak we gorap saklamak boýunça gatnaşýan döwletleriň ylalaşandyklary barada hem habar berildi.

Ozal habar berşimiz ýaly, 10 — 25-nji sentýabry aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň 45-nji giňişleýin mejlisiniň geçirilýär. Onuň barşynda Türkmenistanyň işjeň gatnaşmagynda hödürlenen Beýik Ýüpek ýoly: Zarawşan — Garagum geçelgesi atly köptaraplaýyn hödürnamalary hem ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek baradaky çözgütler biragyzdan kabul edilipdi.

Ýene degişli makalalar

Milli mirasymyzyň halkara derejesindäki dabaralanmasy
Türkmenistanyň Prezidenti Hökümet agzalaryny we ähli watandaşlaryny ÝUNESKO-dan gelen hoş habar bilen gutlady
Türkmenistanyň çöl ekoulgamlary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
“Ýüpek ýoly: Zerewşan-Garagum geçelgesi” ÝUNESKO-nyň bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi
Beýik Ýüpek ýolunyň Türkmenistanyň üstünden geçen şahasy ÝUNSEKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşuldy