Ýurdumyzyň Täze ýyl baş arçasynyň yşyklary ýakyldy

15-nji dekabrda paýtagtymyzda ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy geçirildi. “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki giň meýdançada iň belent arça oturdylyp, ertekiler şäherjigi giňden ýaýbaňlandyryldy.

Dürli öwüşgin saçýan şarlardyr çyrajyklar, yşyklandyryjy bezeglerden emele gelen lybasa beslenen Baş arçanyň töweregine müňlerçe ýaşlar we ulular ýygnandylar.Bu ýerde Aýazbabanyň we onuň wepaly hemrasy Garpamygyň jadyly taýajyklary arkaly körpeleriň ajaýyp arzuwlary, islegleri amala aşýar.

Çürbaşynda “2023” belgili sekizburçly ýyldyz oturdylan Baş arçanyň beýikligi 43 metre deňdir. Köp dürli oýnawaçlardan we yşyklandyryjylaryň dürli görnüşlerinden bezegi ýeten bu ajaýyp arçanyň ýerleşýän ýeri paýtagtymyzyň ýaşaýjylarydyr myhmanlary üçin iň owadan we özüne çekiji gözel ýerleriň birine öwrüler.

Ýurdumyzyň Baş arçasynda yşyklaryň ýakylmagy ertekilerdäki täsinlikler baradaky düşünjelere beslenen dabaradyr, şoňa görä-de, ol baýramçylygyň guramaçylaryndan aýratyn döredijilikli çemeleşmäni talap edýär.Her ýyl Aýazbaba we onuň agtygy Garpamyk üçin geçilmeli täze ýörite ugur we medeni maksatnama täzelenýär. Şu ýyl ony döredijiler ýaş tomaşaçylar üçin özüne çekiji dynç alyş çykyşyny taýýarlapdyrlar.

Ol bolsa Türkmen döwlet gurjak teatryndan başlanýar.

…Dostlaryna Aýazbabany getirmegi wada beren Abdylla gurjak teatryna gelýär. Bu ýerde Aşyr däde artistler bilen “Japbaklar” oýnuny taýýarlaýar. Olar bilelikde Aýazbabany gözleýärler. Gözlegler olary “Aşgabat” söwda-dynç alyş merkezine alyp gelýär.

Şol wagt merkezde Aýazbabanyň we Garpamygyň hormatyna ýaş artistleriň, çagalar tans toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Wakanyň gahrymanlary Aýazbaba we Garpamyga duşup, olaryň towşanjygy ýitirendiklerini bilýärler. Towşanjygyň gözlegine çykyp, Täze ýyl ulag kerweni ýurdumyzyň Döwlet sirkine tarap ýola düşýär. Şol ýerde Aýazbaba, Garpamyk we olaryň hemralary baýramçylyk konsertiniň şaýady bolýarlar hem-de towşanjygy tapýarlar.

Kerwen bu ýerden Türkmen döwlet gurjak teatryna tarap ugraýar. Şol ýerde çagalar tarapyndan uly şatlyk-şowhun bilen garşylanylýar. Çagalar söýgüli gahrymanlary üçin sahna çykyşyny taýýarlapdyrlar. Aýazbaba bilen Garpamyk oýna höwes bilen tomaşa edip, olara hoşallyk bildirdiler hem-de çagalary ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutladylar.

Iki gatly awtobuslaryň ugratmagynda baýramçylyk äheňinde bezelen ulag kerweni ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen çagalary jemläp, Aşgabadyň esasy şaýollary bilen dabaralaryň geçýän ýerine tarap barýar.

Ýyl-ýyldan özgerýän paýtagtymyzda özboluşly binagärlik aýratynlygy tebigy gözellik bilen utgaşýar.Suw çüwdürimleri we dürli güller, seýilgähleriň, gök zolaklaryň keşbi ak mermerli kaşaň binalar bilen sazlaşyp, baýramçylyk lybasyna bürenip, gaýtalanmajak gözelligi döredýär.

Agşam çaglarynda köp sanly arçalaryň bezegleri, dürli şekilleriň özboluşlylygy älemgoşar öwüşgini bilen şäher şaýollaryna we meýdançalaryna ajaýyp gözellik çaýýar.Aýdym we tans, folklor toparlarynyň artistleri baýramçylyga gelýän myhmanlary uly şowhun bilen mübärekleýärler. Çagalar döredijilik toparlarynyň artistleriniň çykyşlary bolsa döredijilik sowgadyna öwrülýär.

Aýazbaba we onuň ýoldaşlary Arçabil şaýoluna gelip, ajaýyp ahalteke bedewlerine tirkelen ak paýtuna münýärler. Olar ak gar ýaly owadan paýtunda ýol ugrunda ajaýyp binalar toplumlaryny synlamakdan lezzet alyp, “Älem” medeni-dynç alyş merkezine gelýärler.

Myhmanlar bagtyýar çagalaryň şatlyk-şowhuna beslenen aýdymlary bilen köpdürli yşyklandyryjylar bilen mynasyp derejede bezelip, belli bir aralyga uzap gidýän ýörite gurnalan geçelgeden geçýärler. Şadyýan çykyşlar ýurdumyzyň Baş arçasy gurnalan meýdançany doldurýar.

Aýazbabany we Garpamygy Gündogaryň müçe senenamasy boýunça Täze ýyly alamatlandyrýan jandarlary şekillendirýän lybasdaky çagalar uly şatlyk bilen garşylaýarlar. 2022-nji ýylyň we täze, 2023-nji ýylyň nyşanlarynyň keşbini janlandyrýan ýaşajyk artistler özleriniň ajaýyp goşgularyny gyşyň gahrymanlaryna bagyşladylar.

Ýaş türkmenistanlylaryň adyndan Aýazbaba hem-de agtygy Garpamyk hormatly Prezidentimize we mähriban halkymyza ýetip gelýän Täze ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny ýollap, bagtyýarlyk, saglyk, Watanymyzyň abadançylygynyň we gülläp ösmeginiň bähbidine ösüşlere beslenen özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginde uly üstünlikleri arzuw edýärler.

Olar çagalar baradaky ýadawsyz aladasy, ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda zerur şertleriň döredilýändigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirýärler.

Bu ýere jemlenen çagalaryň islegi we Aýazbabanyň jadyly taýagynyň täsiri bilen owadan arçanyň yşyklarynyň nur saçmagy Täze ýyl baýramçylygynyň şatlykly pursatlarynyň esasy wakasyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiziň adyndan çagalar ýatdan çykmajak wakadan ýadygärlik sowgatlary aldylar.

Paýtagtymyzdaky Baş arçanyň yşyklarynyň ýakylmagynyň yzysüre welaýatlaryň, şäherleriň we obalaryň merkezlerindäki Täze ýyl arçalary hem öz yşyklaryny ýakdylar.

Ertekileri ýada salýan bu ajaýyp baýramçylyk ulularyň we çagalaryň uzak wagtlap ýatlarynda galar. Tutuş ýurdumyz boýunça köp sanly tomaşaçylar hem owadan Täze ýyl dabarasynyň şaýady boldular.

Ýene degişli makalalar

ÝURDUMYZYŇ TÄZE ÝYL BAŞ ARÇASYNYŇ YŞYKLARY NUR SAÇDY
Hojamuhammet Çüriýewiň şahsy döredijilik sergisi
Halypa-şägirt
Ykdysady şertleriň agralmagy aýallaryň işde 'basgylanmagyny' köpeldýär
Hydyr Derýaýewiň açmadyk syry’ ýa-da Türkmenistanda sowet tutda-baslygy näme üçin ýaşyrylýar?
Çürtüm üçin çürkemek: Häkimiýetler býujet işgärlerinden mejbury gowaça çürtümi üçin pul ýygnaýar