Ýurdumyzyň teatrlarynda Täze ýyl şowhuny

Ýurdumyzyň teatrlarynda Täze ýyl şowhuny

Täze ýylda ýurdumyzyň teatrlarynyň hem-de sirkleriniň döredijilik toparlary tomaşaçylar üçin baýramçylyk sowgatlaryny taýýarladylar.

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynda 26-njy dekabrda Gülki agşamy atly atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa, 27-sine we 28-ine Gelin gelýär atly şadyýan sahna oýny, 29-na we 30-na aýdym-sazly, Täze ýyl degişmeleri atly teatrlaşdyrylan, degişmeli, aýdym-sazly tomaşa görkeziler.

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry öz muşdaklaryna dekabr aýynyň 26-sy-31-i aralygynda Täze ýylyň jadyly sandygy hem-de Täze ýyl degişmeleri atly aýdym-sazly, gülküli tomaşalary teatr muşdaklaryny garşylar.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry tomaşaçylaryna dekabr aýynyň 26-syna Ak arzuwly Täze ýyl atly teatrlaşdyrylan, degişmeli, aýdym-sazly tomaşasy, 27-sine we 28-ne Täze ýyl geldi, bagt serpaýyn eçilip!

atly aýdym-sazly, degişmeli tomaşany, aýyň 29-na Täze ýyl baýramynyň şowhunly sazlary atly simfoniki orkestriniň konserti (dirižýory T.Ataýew), 30-yna hem 31-ne bolsa Hoş geldiň, ülkäme ajap Täze ýyl atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly, degişmeli tomaşalar gurlar.

Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatry dekabr aýynyň 28, 29,30 hem-de 31-ne Täze ýyl degişmeleri atly teatrlaşdyrylan aýdym-sazly, gülküli tomaşany bagtyýar ýaşlara baýramçylyk sowgady eder.

Türkmen döwlet gurjak teatry körpe tomaşaçylaryny dekabr aýynyň 27-sine Çagaly öý bazar, 28-ne Jüýteniň toýy, 29-na Çagaly öý bazar, 30-na hem 31-ne Täze ýylda körpe nesil şatlanýar atly aýdym-sazly tomaşa bilen begendirer.

A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry hem Täze ýyl baýramy mynasybetli 26-syna Sekiz mährem zenan, 27-sine Aýaz baba we çal möjek atly sahna oýny, 28-ine çagalar we ýetginjekler üçin Aýaz baba we Gar şazenany atly sahna oýnuny, 30-yna Myhmançylykda atly sahna oýnyny 31-ne Täze ýylyňyz bilen!

atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly, gülkili baýramçylyk tomaşalary bilen tomaşaçylara gapylaryny giňden açar.

Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry dekabr aýynyň 27-sine Şowhunly tomaşa! atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly, gülküli tomaşa, 28-ne Saňa ýalan, maňa çyn atly sahna oýny, dekabryň 30-na hem 31-ne Gutly bolsun, Täze ýylyňyz! atly aýdym-sazly, gülküli tomaşalar bilen öz myhmanlaryny garşy alar.

Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatry baýramçylyk mynasybetli dekabr aýynyň 27-sine we 28-ne Gülki sowgady, 29-na we 30-na Buşluk, Täze ýyl geldi! atly teatrlaşdyrylan, hem- atly aýdym-sazly degişmeli tomaşalary hödürlär.

Daşoguzyň N.Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatry dekabr aýynyň 27-sine Aýdym-sazly gülküli agşamy, 28-ne Gülki sowgady, 30-na Ýylgyran ýüze ýygyrt düşmez, 31-ne bolsa Her çemenden bir gunça atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşalary bilen sungat muşdaklaryny begendirer.

Lebap welaýatynyň S.Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatry dekabr aýynyň 27-si31-i aralygynda Hoş geldiň täze ýyl, salam, Täze ýyl, Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatry dekabr aýynyň 26-syna we 27-sine çagalar üçin Altyn jüýje, 28-ne Bildiriş atly sahna oýunlary, 30-na we 31-ine bolsa Geliň, gülşeliň!

atly aýdym-sazly, gülküli tomaşalar bilen tomaşaçylary şatlandyrar.

Türkmenistanyň döwlet sirkinde dekabr aýynyň 26-sy 30-y aralygynda Täze ýylyň öwüşginleri atly ýörite sirk tomaşasyny, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherindäki Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde täsinlikleri söýýän sungat muşdaklaryna Täze ýylyň şatlygy atly sirk tomaşasynyň görkezilýär.

Ýene degişli makalalar

TÄZE ÝYLA BAÝRAMÇYLYK SOWGADY
22-24-nji noýabrda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlarynyň TERTIBI
6-8-nji dekabrda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary
20-22-nji dekabrda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary
20-21-nji dekabrda teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlaryny
13-18-nji ýanwarda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlarynyň tertibi