Ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde giriş synaglary başlandy

Ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde giriş synaglary başlandy

Şu gün Türkmenistanda 2026-njy ýylda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde giriş synaglary başlandy.Türkmenistanda 2026-njy ýylda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasy Türkmenistanyň Prezidentiniň 10-njy iýuldaky geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çeken degişli Karary bilen tassyklandy.

Hormatly Prezidentimiz ýokary okuw mekdeplerine zehinli, mynasyp ýaşlary kabul etmegiň, giriş synaglaryny guramaçylykly we adalatly geçirip, jemgyýetçilik gözegçiligini ýola goýmagyň möhümdigini belledi.Meýilnama laýyklykda, dalaşgärlerden resminamalar 13 27-nji iýul aralygynda kabul edildi.

Giriş synaglary Aşgabat, Arkadag şäherlerinden we ýurdumyzyň bäş welaýatyndan gelen dalaşgärler üçin bellenen senelerde nobatma-nobat geçiriler.Giriş synaglarynyň ýokary guramaçylykly we adalatly geçirilmegini üpjün etmek üçin ähli zerur şertler döredildi. Şu ýyl ýokary okuw mekdeplerine 18 müňden gowrak, ýagny geçen ýylkydan 1239 talyp köp kabul ediler. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri dalaşgärlere dürli hünärleri we okuw ugurlaryny hödürleýär, olaryň sanawy, däbe görä, şu ýylam giňeldildi.

Täze okuw ýylynda ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň we taýýarlygyň ugurlarynyň jemi 20-si açyldy.Täze hünärleriň we okuw ugurlarynyň girizilmegi milli ykdysadyýetiň zerurlyklaryna we ýokary hünärli hem isleg bildirilýän hünärmenleri taýýarlamak boýunça türkmen bilim ulgamynyň iň möhüm maksatlaryna doly laýyk gelýär. 2026-njy ýylda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegi 24-nji awgusta çenli dowam eder.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul edişlik başlanýar
Dalaşgär 2024: Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebi
Dalaşgär 2024: Lebap welaýat ýörite sungat mekdebi
Dalaşgär 2024: Balkan welaýat ýörite sungat mekdebi
Dalaşgär 2024: Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi
Dalaşgär 2024: Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Türkmenaragatnaşyk agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebi