Ýuwentus — Kalýari 2:0. Ronaldu dubl etdi

Ýuwentus — Kalýari 2:0. Ronaldu dubl etdi

Italiýanyň çempionatynyň 8-nji tapgyrynda Turiniň Ýuwentusynyň futbolçylary öz meýdançasynda Kalýariden üstün çykdylar.

Duşuşyk 2:0 hasabynda tamamlandy. Gollaryň ikisini hem Kriştianu Ronaldu tora saldy (38-nji we 42-nji minutlarda).

Italiýanyň çempionatynda Ýuwentus indiki duşuşygyny 28-nji noýabrda myhmançylykda Benewento garşy geçirer. Kalýari bolsa öz meýdançasynda Spesiýany kabul eder.

Ýene degişli makalalar