Ýyldyz oýunçy 2 gol geçirdi, duşuşyk deňlikde tamamlandy

Saud Arabystanynyň çempionatynda 10-njy tapgyryň merkezi duşuşygynda “Al-Taawun” öz meýdançasynda Jidda şäheriniň “Al-Ittihad” toparynyň kabul etdi. Çekeleşikli geçen oýun 1-1 hasabynda tamamlandy.Duşuşykdaky 2 goly hem soňky günleriň iň köp gürrüňi edilýän futbolçysy, fransiýaly ýyldyz hüjümçi Karim Benzema geçirdi.

Ol ilki oýnuň 22-nji minutynda hasaby açdy, soňra 26-njy minutda-da ýalňyşlyk bilen topy öz derwezesinden geçirip, hasaby deňledi.Netijede, duşuşyk 1-1 hasabynda deňlikde tamamlandy.

Agyr şikes alan Neýmaryň çykyş edýän kluby “Al Hilal” öz meýdançasynda “Al Halij” toparyny Aleksandar Mitrowiçiň ýeke-täk goly bilen 1-0 utdy.

Ýene degişli makalalar