Ýyldyzlaryň täze mesgeni “Saudi Pro Liga” (habar-seljeriş)

Futbol oýnunda geçirilýän ýaryşlaryň ähmiýetiniň uly bolşy ýaly, oýunçy alyş-çalşygynyň ýagny futbolyň öz dili bilen aýdylanda, transferleriň orny hem iňňän möhüm orny eýeleýär.Soňky ýyllarda ýyldyz oýunçylaryň transferleriniň merkezi Angliýanyň çempionaty “Premier Liga” bolan bolsa, häzirki wagtda ýyldyz oýunçylaryň salgysy büs-bütinleý üýtgedi.

Dünýä futbolynyň ýyldyzlary özlerine teklip edilýän ýokary mukdardaky töleglerden ýüz öwrüp bilmän, ugurlaryny Saud Arabystanynyň çempionatyna gönükdirdiler.

Futbol döräli bäri Ýewropa hem-de Latyn Amerika ýurtlary öňdeligi eýeläp gelýär. Başgaça aýdylanda, bu iki sebit dünýä futbolynyň hojaýyny hasaplanýar. 1990-njy ýyllarda Afrika yklymy, gijräk hem bolsa Aziýadyr Demirgazyk Amerika yklymlarynyň atlary-da sanawa goşulyp başlandy.

Dünýäniň iň meşhur sporty hasaplanýan futbola wagtal-wagtal käbir ýurtlar uly maýa goýýar. Ýurtda futboly ýokarlandyrmak maksady bilen milli çempionata maýa goýmak ulgamy peýda boldy.Bu ulgamyň başyny irki ýyllarda ABŞ başlap, 1990-njy ýyllaryň başynda bu sanawa Ýaponiýa hem goşulýar. Şol ýyllarda birnäçe ýyldyz futbolçynyň mesgeni “J-League” bolupdy.

Soňlugy bilen Katar we Hytaý, hatda gysga wagtlyk hem bolsa Hindistanyň klublary-da belli bir döwürde ýyldyz oýunçylar bilen içgin gyzyklanypdy.Tölenen tölegler ýokary hem bolsa ady agzalan bu ýurtlaryň ligalaryna ençeme ýyldyzlar transfer bolsa-da, ABŞ-nyň çempionatyndan galany öňe saýlanýan ligalaryň hataryna goşulyp bilmedi.

Esasan hem hytaý klublarynyň amala aşyran ýyldyz transferleriniň soňy bolmady we netijede bu ulgam olar üçin şowsuz ýagdaýda tamamlandy.

Ronaldodan soň…

Bir gül bilen bahar bolmaz, dogry, ýöne ähli baharlar bir gül bilen başlanýandyr.Super ýyldyz Kristiano Ronaldonyň belli bir derejede Ýewropada öz islegini kanagatlandyrýan klub tapman, Saud Arabystanyna gelmegi bilen başy başlanan ýyldyz transferleriniň yzy üzülmän dowam edýär.

Häzirki wagtda täze moda Saud Arabystanynyň klublary bolup, bu ýurduň toparlarynyň transferlere, oýunçylaryň özlerine töleýän tölegleri öňküleriň çaky-çeni däl. Ýyllyk tölenýän tölegleriň juda ýokary bolmagy diňe ýaşy bir çene baran futbolçylary däl, eýsem ýaş oýunçylaryň hem nazarlaryny futbolyň “täze mesgenine” öwrüp başlady.

Tomsuň şu jöwzaly her bir gününde diýen ýaly ýyldyz oýunçylaryň biri SPL-niň futbolçysy bolýar.

Saud Arabystanynda futbol federasiýasy 1956-njy ýylda esaslandyrylyp, şol ýyl FIFA-nyň, 1972-nji ýylda-da AFK-nyň agzasy bolýar.Häzirki wagtda ýurtda 160-a golaý professional futbol kluby bolup, ýurduň iň ýokary ligasy bolan “Saudi Pro Liga” (Saudi Pro League) 1976-njy ýylda esaslandyrylýar.

Ondan öň ýurtda klublaryň arasynda sebitleýin ýaryşlar geçirilýärdi. 1974/75 möwsüminde geçirilen çempionata aşaky liganyň wekilleri-de gatnaşyp, ol Categorization League diýlip atlandyrylýar. Şol ýyllarda Tutuş ýurt boýunça geçirilýän bäsleşik bolsa häzirki wagtda-da dowam edýän Şa Kubogy ýaryşydy.

Iň köp çempionlyk gazanan topar “Al Hilal”

Çempionat şu wagta çenli 48 gezek geçirildi.Ilkinji çempion “Al Nassr” topary bolup, paýtagtlylar 1975/76 möwsüminiň çempiony bolýar. 1975/76 möwsümi Şa Faýsalyň aradan çykmagy bilen beýleki ähli sport çäreleri bilen bir hatarda ýatyrylýar. 1976/77 möwsüminde “Al Nassrdan” öňe saýlanan “Al Hilal” 1-nji orny eýeleýär. Şondan bäri-de “Al Hilal” 18 gezek çempionlyk gazanyp (1977, 1979, 1985, 1986, 1988, 1990, 1996, 1998, 2002, 2005, 2008, 2010, 2011, 2017, 2018, 2020, 2021, 2022), bu ugurda ep-esli öňde barýar.

Geçen möwsümiň çempiony “Al-Ittihad” (1982, 1997, 1999, 2000, 2001, 2003, 2007, 2009, 2023) klubunyň, şol sanda “Al Nassr” (1975, 1980, 1981, 1989, 1994, 1995, 2014, 2015, 2019) klubunyň 9 çempionlygy bolup, olar 2-3-nji ýerleri paýlaşýarlar. “Al-Ittihad” 8, “Al Nassr” 7 gezek kümüş medal gazanýar.

Soňkusyny 2011/12 möwsüminde gazanan “Al Şabab” toparynyň 6 (1991-92-93, 2004, 2006, 2012), şol sanda 3-nji çempionlygyna 32 ýyl garaşan “Al-Ahli” toparynyň 3 (1978, 1984, 2016), 36 ýyldan bäri çempionlyk gazanyp bilmen gelýän “Al-Ittifak” toparynyň 2 (1983, 1987) hem-de 2012/13 möwsüminde güýçli klublary yzda galdyrmagy başaran “Al-Fateh” toparynyň 1 çempionlygy bar.

Şäherlerde paýtagt Er-Riýad “Al Hilal”, “Al Nassr” hem-de “Al Şabab” toparlarynyň gazanan 33 çempionlygy bilen öňdeligi eýeleýär. Jidda şäheriniň wekilleriniň “Al-Ittihad” bilen “Al-Ahliniň” 12, dammamlylaryň 2 (“Al-Ettifak”), Al-Ahsa şäheriniň (“Al-Fateh”) 1 çempionlygy bar.

Diňe 3 topar “Al Hilal”, “Al-Ittihad” hem-de “Al Nassr” ähli möwsümde-de (48) çempionatda çykyş etdi. “Al Şabab” bilen “Al-Ahli” 47 möwsüm bilen 2-nji ýeri eýeleýärler.

Çempionatda iň köp gol geçiren oýunçy 1977-1997-nji ýyllar aralygynda çykyş eden “Al Nassr” toparynyň ýyldyzy Majed Abdullah bolup, ol 194 oýunda 189 goly derwezä girizdi.

Çempionatda täze möwsümden başlap çykyş edýän klublaryň sany 16-dan 18-e çykaryldy. Geçen möwsümi iň aşaky 2 orunda tamamlan Al-Adalah bilen “Al Batin” toparlary 2-nji liga (“Yelo League) düşdi. Olaryň ornuna “Al-Ahli”, “Al-Hazem”, “Al-Uhdud” hem-de “Al-Riýad” ýokary liganyň wekilleri boldular.

Çempionatda 18 klubuň 4-si Er-Riýad şäherine wekilçilik etse, Jidda şäheriniň 2 kluby çempionlyk ugrunda göreşer. Şol sanda Buraida şäherinden hem 2 topar çykyş eder.Abha, Al-Majmah, Al-Hasa, Ar Rass, Dammam, Hail, Hamis-Muşaýt, Mekke, Najran hem-de Saihat şäherlerindenem 1 topar ýokary liga gatnaşýar.

Jidda şäheriniň wekilleri “Al-Ahli” bilen “Al-Ittihad” toparlary Şa Abdullah sport şäheri stadionyny paýlaşýarlar.Gatnaşýan toparlaryň stadionlarynyň iň ulusy “Al Hilal” klubuna degişli Şa Fahd Halkara stadiony bolup, ol 68 müň 752 janköýere niýetlenendir.

“Al Hilal” “Al Nassr”, “Al-Ittihad” “Al-Ahli” duşuşyklary esasy şäher derbileri bolsa, “Al Hilal” “Al-Ittihad” şäherler arasy iň esasy derbi hasaplanýar.

Ýerli ýeke tälimçi hem ýok

“Saudi Pro Ligada” çykyş edýän 18 klubuň ählisiniň tälimçisi-de daşary ýurtly hünärmenler bolup, ýeke kluba-da arap tälimçi bellenmedi (Geçen möwsümde-de ýagdaý şeýledi). Şolaryň 6-sy portugaliýaly, 3-si horwatiýaly tälimçilerdir. Polşadan, Germaniýadan, Angliýadan, Gresiýadan, Rumyniýadan, Braziliýadan, Niderlandlardan, Serbiýadan 1 tälimçi bar. Şol 18 tälimçiniň 10-sy şu tomusda wezipä bellendi.

Esasy maksat futboly ösdürmek

Saud Arabystanynyň klublary ýyldyz oýunçylara Ýewropada gazanyp biljek pulundan has ýokary mukdarda töleg edýär. Eýsem bu tölegler näme esaslanyp berilýär. Has takygy, arap klublary şonça mukdadaky puly nireden tapýar.

Ýurduň abraýyny tutuş dünýäde hasam galdyrmak üçin, mahabatyny artdyrmak üçin mirasdüşer Şazada Muhammed Bin Selmanyň ýolbaşçylygynda futbola uly maýa goýulýar. 2021-nji ýylda Saud Arabystany maýa goýum gaznasy tarapyndan satyn alnan “Nýukasl” kluby bu täze hereketiň başlangyjy bolýar. Şol bir wagtyň özünde futbola maýa goýmaklygyň ýene bir sebäbi-de ýaşlaryň arasyndaky futbola bolan söýgini hasam artdyrmak bolup durýar. 35 million halky bolan ýurduň ilatynyň 70 göterimine golaý 35 ýaşdan kiçi raýatlardyr.

Futbol sporty-da ýaşlaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolmagy ýaly zatlary esasy sebäpler hökmünde görkezmek bolar.

Şeýle-de, 2030-njy ýyla çenli ýurtda sport görnüşleri boýunça 25 sany Dünýä çempionaty ýaryşlaryny guramagy maksat edinilýär.Geljek ýyllarda-da FIFA Dünýä Kubogyny guramaklyk hem göz öňünde tutulýar. Ýokarda ady agzalan Saud Arabystany maýa goýum gaznasy häzirki wagtda ýurduň esasy 4 klubuna “Al-Ittihad”, “Al Hilal”, “Al-Ahli” hem-de “Al Nassr” klublaryna 1 milliard ýewro möçberinde maliýe kömegini etdi.

Golaýda bu 4 klubuň hataryna 2-3-nji ligalarda bolan “Al Kadsia” hem-de “Al Diriýa” klublary hem goşulyp, olaram bu uly tortdan paýly boldy.

Ýyldyzlaryň ligasyna öwrülýär

Dünýä futbolynyň soňky çärýek asyrdaky 2 super ýyldyzynyň biriniň, ýagny Kristiano Ronaldonyň hem Saud Arabystanyna gelmeginiň täsiri uly boldy. “Saudi Pro Liga” şu tomusda onlarça ýyldyz futbolçy transfer boldy.

Karim Benzema, Riýad Mahrez, N’Golo Kante, Kalidu Kulibali, Pier-Emerik Obameýang, Eduar Mendi, Ruben Neweş, Sadio Mane, Sergeý Milinkowiç-Sawiç, Roberto Firmino, Jordan Henderson, Fabinio, Gžegož Kryhowiak, Allen Sent-Maksimen, Mussa Dembele, Aleks Telles, Malkolm, Frank Kessi ýaly ýyldyz oýunçylar şu tomusda Saud Arabystanynyň 5 klubuna “Al-Ittihad”, “Al Hilal”, “Al-Ahli”, “Al-Ittifak”, “Al Nassr” toparlaryna transfer boldular.

Transferleriň tomus tamamlanýança dowam etmegine garaşylýar.

Häzirki wagtda çempionat dünýä ligalarynyň sanawynda 58-nji orunda durýar. Gysga wagtda çempionaty öňdäki onluga girizmek bolup, çempionat eýýämden dünýäniň onlarça ýurdunda göni ýaýlymda görkezilip başlandy. Golaýda çempionatyň futbol direktory wezipesine strategiýanyň ökde hünärmeni Maýkl Emenalo bellendi. Onuň wezipesi çempionaty öňdäki orunlara çykarmak, liganyň mahabatyny artdyrmak bolar.

Ýyldyzlaryň ligada jemlenmeginiň milli topara näderejede peýdasynyň boljakdygyny wagt görkezer.Hytaýyň ýygyndysyny bu sanawyň daşynda goýup, ABŞ-nyň, Ýaponiýanyň, azrak hem bolsa Kataryň ýygyndylaryna ligalara gelen ýyldyzlaryň oňaýly täsiriniň bolandygyny belläp bileris.

Elbetde häzirki wagtda çykyş edýän ýerli futbolçylara, geljekki ýaş oýunçylara öz ýurtlarynda ençeme ýyldyz futbolçynyň futbol oýnamagynyň peýdasynyň boljakdygyny gürrüňsiz aýdyp bileris.Galanyny bolsa wagt görkezer…

Ýene degişli makalalar

“Al-Ahli” “Premier Liganyň” ýene bir oýunçysyny transfer etdi
Türkmenistanyň woleýbol ýygyndysy Daşkentde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirdi
Duplantis Bubkanyň 26 ýyllyk rekordyny täzeledi
Sportuň taryhynda şu gün 8-nji sentýabr
1 sagatda 2 rekord
Göwher ligada ýene bir rekord täzelendi