“Ýylyň - göreldeli okyjysy”

“Ýylyň - göreldeli okyjysy”

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň gurnamagynda Bagtyýarlyk etrabynyň Medeniýet köşgünde Magtymguly adyndaky merkezi we kitaphana şahamçalarynyň okyjylarynyň arasynda “Ýylyň - göreldeli okyjysy” ady bilen bäsleşik geçirildi.Bäsleşik üç şertden ybarat bolup, onuň esasy maksady kitaphana gelýän okyjylaryň ukyp başarnygyny ýüze çykarmak, okan kitaplaryny içgin özleşdirmek hem-de ýaş nesilleri Watansöýüji ruhunda terbiýelemek, hormatly Prezidentimize söýgüni artdyrmak, mukaddes ojak bolan kitaphanalaryň okyjylarynyň artmagyny gazanmakdan ybaratdyr.

Bu bäsleşikde çykyş eden Magtymguly adyndaky merkezi we kitaphana şahamçalarynyň okyjylary öz ukyp başarnyklaryny görkezdiler.Emin agzalarynyň gelen netijeleri boýunça “Ýylyň göreldeli okyjysy” atly baş baýraga Magtymguly adyndaky merkezi kitaphananyň okyjysy Türkmen döwlet Medeniýet institutynyň 5-nji ýyl talyby Babajanowa Zyba, birinji orna Ýeňiş kitaphana şahamçasynyň okyjysy Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky Döwlet komitetiniň başlangyç hünär mekdebiniň 1-nji ýyl talyby Geldiýew Didar, ikinji orna Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasynyň okyjysy Bagtyýarlyk etrabynyň medeniýet köşgüniň medeni çäreleri gurnaýjysy Osmanowa Ýazbibi, üçünji orna Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň okyjysy Garadaşaýak medeniýet öýüniň müdiri Muhammedowa Akjagül mynasyp boldy.

Bäsleşikde ýeňiş gazanan okyjylara Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň adyndan ýadygärlik sowgatlary hem-de hormat hatlary gowşuryldy. Çäräniň ahyrynda bäsleşige gatnaşanlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir güni egsilmez joşguna, toý-baýrama rowaçlyklara beslenýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, başynyň dik alyp barýan döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň Prezidenti prokuratura edaralarynda wezipe çalşygyny geçirdi
Türkmeniň Altyn asyry bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Olara altyn zynjyrlar we umumylykda 654 müň manada golaý möçberde pul baýraklary gowşuryldy
Türkmenistanyň Futbol boýunça çempionatynda Altyn asyr topary kümüş medal ugrundaky bäsleşigi dowam etdirip, Köpetdag toparyny ýeňdi
Ýurdumyzyň milli çempionaty tamamlandy