Ýylyň - göreldeli okyjysy

Ýylyň - göreldeli okyjysy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Täze zaman Medeniýet öýünde kitaphana şahamçalarynyň arasynda kitaphana gelýän okyjylaryň ylym-bilimini, ukyp-başarnygyny ýüze çykarmakda ösüp gelýän ýaş nesilleriň kitaba bolan söýgüni artdyrmak maksady bilen Ýylyň - göreldeli okyjysy atly bäsleşik geçirildi.

Bäsleşik üç şertden ybarat bolup, onuň esasy maksady kitaphana gelýän okyjylaryň ukyp başarnygyny ýüze çykarmak, olaryň okan kitaplaryny içgin özleşdirmek hem-de döwrüň talaplaryna kemsiz jogap berip bilýän ýaş nesilleri kemala getirmek maksady bilen geçirilen bäsleşik emin agzalar tarapyndan bäsdeşlere adalatly baha berildi. Şeýlelik-de bäsleşikde ýeňiji bolan okyjylara emin agzalar tarapyndan sowgatlardyr, hormat hatlary gowşuryldy.

Çäräniň ahyrynda bäsleşige gatnaşanlar Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda her bir güni egsilmez joşguna, toý-baýrama rowaçlyklara beslenýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, başlarynyň dik, alyp barýan döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Sazyň nazaryýeti hepdeligi
Türkmenistan Watanym - bagtyýar çagalygyň mekany
Magtymguly Pyragy dünýä dillerinde
Magtymgulynyň döredijiligi ýaşlara terbiýe mekdebi
Magtymguly Pyragy nusgawy edebiýatynyň paýhas ummany
Saglyk-geljekki ýaş nesle gymmatly baýlykdyr
Ýaşlaryň gatnaşmagynda Magtymgula bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi