Zelenskiý: “ABŞ Russiýa ýeterlik derejede basyş etmeýär”

Zelenskiý: “ABŞ Russiýa ýeterlik derejede basyş etmeýär”

Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý, Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu Dabide noýabr aýynyň 10-11-i aralygynda geçirlen parahatçylyk gepleşiklerinde hiç hili öňe gidişligiň edilmändigini aýtdy.

Zelenskiý BBC-ä beren beýannamasynda, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putini “dostum” hökmünde häsiýetlendirmegine “geň galandygyny” aýtdy.

Zelenskiý “Ol hüjüm ediji we ganhor, asla dost bolup bilmez” diýdi.

Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu Dabide noýabr aýynyň 10-11-i aralygynda geçirlen parahatçylyk gepleşiklerinde hiç hili öňe gidişligiň edilmändigini aýdan Zelenskiý, gepleşikleriň dekabr aýynda dowam etjekdigini ýatlatdy.

Gepleşikleriň netijeli bolmagy üçin Russiýa basyş edilmegi barada çagyryş eden Zelenskiý “ABŞ güýçli we täsirli ýurt hökmünde hereket etmeli. Parahatçylyk gepleşiklerinde Russiýa ýeterlik basyş etmeýär. Ýakyn Gündogara has uly ähmiýet bermegi diýseň gynandyryjy” diýdi.

Ýene degişli makalalar