Zelenskiý: Russiýada 3 nebiti gaýtadan işleýän zawoda we konteýner gämisine hüjüm guradyk

Zelenskiý: Russiýada 3 nebiti gaýtadan işleýän zawoda we konteýner gämisine hüjüm  guradyk

Zelenskiý sosial media hasabyndan beren beýanatynda rus harbylaryna goldaw berýän desgalara we gämilere hüjümlerini dowam etdirýändiklerini habar berdi.

Gara deňizde we Azow deňzinde nyşanalara hüjümleriň guralandygyny aýdan Zelenskiý: "Sanksiýalar astynda bolan we 100 müň tonnadan gowrak ýük göterijilikli Russiýanyň Ýaninaýa konteýner gämisine hem hüjüm guraldy. Goranyş güýçlerimiziň takyklygy sebäpli gämi batdy" diýdi.

Zelenskiý Russiýa Federasiýasynyň düzümindäki Başgyrdystan Respublikasynda üç nebiti gaýtadan işleýän zawodyň hem Ukrainanyň Howpsuzlyk gullugy tarapyndan nyşana alnandygyny belläp: "Ukraina serhedinden desgalara çenli aralyk takmynan 1600 kilometr" diýip nygtady.

Ýene degişli makalalar

Russiýa Britaniýanyň Harby Attaşesini Ýurtdan Çykarar
Prezident Erdogan Ýaşlar Bilen Duşuşyk Geçirdi
TÜRKPA-nyň Goranyş Komissiýasynyň Maslahaty Öz Işine Başlady
Türkiýe Gämi Gurluşygynda Uly Ösüş Etdi
Türk metbugartynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny