Zemmhome aşhana we naharhana üçin dürli hili mebelleri alyjylara ýetirýär

Zemmhome aşhana we naharhana üçin dürli hili mebelleri alyjylara ýetirýär

Aşhana we naharhana otaglaryna niýetlenen dürli görnüşli mebeller we öý bezegleri Zemmhome dükany tarapyndan alyjylar köpçüligine hödürlenýär. Türkiýede öndürilen bu mebelleriň ählisi mynasyp baha eýe bolan usullarda, ýokary hilde öndürilendir.

Zemmhome dükanynyň aşhana garnituralary döwrebap stili bilen tapawutlanyp, islendik giňişlige bezeg berýär. Mebeliň bölekleýin bezeg görnüşinde taýýarlanmagy dar ýere-de, giň ýere-de laýyk ölçegi tapmaga ýardam edýär.

Olary müşderiniň islegine laýyklykda hem ýerleşdirip bolýar. Şular bilen birlikde bu ýerden loft stilindäki bar üçin niýetlenen stollary we oturgyçlary tapmak bolýar.

Aşhanany mebeller bilen bezemek üçin dükan nahar stollaryny, kofe içmek we žurnallary goýmak üçin niýetlenen stollary, şeýle-de mebel toplumlaryny (stollary we oturgyçlary) hödürleýär.

Öýüňiziň aşhanasyna Cross gurluşly stol hem täsin bezeg berip biler. Onuň daşky göwrümi iki sany kesişýän stoly ýatladýar. Bu bolsa nahar başynda oturýan iki adamyň her haýsy üçin özboluşly amatly ýagdaýy döredýär.

Dükanyň aşhana we naharhana mebelleri bilen zemmhome.com saýtyna girip, ýa-da şu salga baryp tanşyp bilersiňiz: Änew şäheri, Ahal köçesiniň 27/1 jaýy. Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda ikinji NG Kutahya gurluşyk materiallary we mebel dükany açyldy
Öý hojalykçy aýallar Halkara zenanlar güni mynasybetli özleriniň ala tutulýandyklaryny aýdýarlar
Aýbölek kärhanasy täze okuw ýylyna çenli mekdep mebelleriniň köpdürli görnüşlerini öndürer
Nurgala mebelden ýokary hilli hem elýeterli önümleri alyp bilersiňiz!
Güneşli zaman ähli önümleri kepillendirilen mebel toplumlaryny öndürýär
Oturgyçlaryň “hasyly”