Zenan mährinden dörän nepislikler

Zenan mährinden dörän nepislikler

Zenan bu özi bilen birnäçe gözellikleri döredip bilýän gudrat çeşmesidir.Türkmen halkynyň baý milli mirasynyň bir bölegi, biziň gelin-gyzlarymyzyň çeper elleriniň miwesi hasaplanýan keşdeçilik sungaty bolup durýar. Çeper zehinli, ezber zenanlarymyz tarapyndan ýerine ýetirilen sungat eserleri türkmeniň gaýtalanmajak milli öwüşgünligidir. Özüniň bezeg aýratynlygy, özüne çekijiligi bilen tapawutlanýan türkmen nagyşlarynda halkymyzyň gözel tebigatynyň keşbini, milliligini görmek bolýar.

Nepislik, inçelik bilen çekilen keşdeleriň her biri türkmen milliligine bolan buýsanjy oýarýar.

2024-nji Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Arkadag şäher bölüminiň, Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde gurnamagynda Zenan mährinden dörän nepislikler atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Söhbetdeşlige Arkadag şäheriniň ýaşaýjysy Ogulbagt Hudaýnazarowa, şeýle-de Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktoryň orunbasary, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Käkilik Öwezberdiýewa, Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäheriniň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy Maýa Sahadowa hem-de Arkadag şäheriniň ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň mugallymy, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy Enar Agaýewa dagylar gatnaşdylar.

Olar ene-mamalarymyzdan nesilme-nesil dowam edip gelýän milli mirasymyzyň gymmatlyklary dogrusynda gyzykly gürrüňler berdiler.Milli mirasymyzyň nepisliklere siňip giden gymmatlyklaryny gorap saklamakda muzeýde ýerine ýetirilýän işler dogrusynda täsirli çykyşlar boldy.

Türkmen zenanlarynyň ruhy gözelliginden, çeper ellerinden dörän nepis keşdeçilik sungatynyň milli medeni mirasymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülip, köpasyrlyk milli däpleri dowam etdirip öz gymmatyny ýitirmän, eýsem döwrebaplaşyp häzirki günlerimizde hem ajaýyplygy bilen ýakymly täsir goýýandygy barada beren gürrüňleri dabara gatnaşanlarda uly täsirleri galdyrdy.

Türkmenistanda umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna uly goşant goşan halkymyzyň medeni we ruhy mirasyny dünýäde giňden wagyz etmek boýunça ägirt uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Ýene degişli makalalar

Halk saz gurallary
Ussat sazanda, halypa mugallymyň ýagty ýadygärligine geçirilen konsert
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
21.01.2019 | Türkmen halylary — halkara serginiň täsin gymmatlyklary
Sport tansy boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrunda ýaryş: üstünligiň şerti we kämillik sungaty