Zenanlaryň sungat dilindäki söhbedi

Zenanlaryň sungat dilindäki söhbedi

Düýn Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň zenan suratkeşleriniň gatnaşmagynda şekillendiriş sungatynyň eserleriniň sergisi öz işine başlady. Serginiň açylyş dabarasynda çykyş edenleriň belläp geçişleri ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen-eýran gatnaşyklary dürli ugurlarda ösüşiň täze tapgyryna gadam basýar.

Sergide eýran halkynyň köpgyranly milli medeniýetiniň nakgaşçylyk, küýzegärlik, hatdatçylyk we beýleki ugurlaryna degişli sungat eserleri görkezilýär. Eýrandan gelen Amini Minoo, Satarnejad Anaghizi Roghaýeh, Şahi Zaýnab, Sajadi Marýam ýaly amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň döreden işleri bilen bir hatarda sergide türkmen zenan suratkeşleriniň ylhamyndan dörän, gözel tebigatymyzy, ajaýyp zamanamyzy wasp edýän eserleri-de tomaşaçylara hödürlenilýär.

Eýran amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň asyrlaryň dowamynda döreden minakari, hatamkari, kalamzani, kalamkari ýaly görnüşleri halkymyzyň arasynda ir döwürlerde hem bellidir.Asyrlaryň dowamyndaky goňşuçylyk gatnaşyklarynyň iki halkyň taryhy-medeni mirasynda, däp-dessurlarynda, ruhy-ahlak gymmatlyklarynda öz beýanyny tapandygyny türkmen we eýran sungat ussatlarynyň sergide görkezilen işlerini synlanyňda ýene bir ýola göz ýetirýärsiň.

Sergide görkezilen eserler iki halkyň şekillendiriş sungatynyň häzirki zaman ösüşleri bilen hem tanyşdyrýar.

Medeni çäräniň ikinji güni Nakgaşçylyk we onuň jemgyýeti goramakdaky orny atly döredijilik maslahaty bilen dowam etdi. Şeýle-de şu gün Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda iki ýurduň zenan suratkeşleriniň gatnaşmagynda şekillendiriş sungaty boýunça ussatlyk sapagy geçiriler. Iki halkyň suratkeş zenanlarynyň paýtagtymyzyň gözel ýerlerine gezelençleri bolsa täze-täze eserleriň döremegine ylham bagyşlar.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMENISTANYŇ WE BAHREÝN PATYŞALYGYNYŇ ARASYNDAKY PARLAMENTARA GATNAŞYKLARYŇ ÖSDÜRILMEGI
Türkmenistanyň we Bahreýn Patyşalygynyň arasyndaky parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmegi
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar
28.10.2020 | Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
07.03.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda