Zeýtun agajynyň ýapragynyň peýdalary

Zeýtun agajynyň ýapragynyň peýdalary

Zeýtun, çişi aýyryjy, ganyň düzümindäki süýjüniň mukdaryny azaldyjy, ýokary gan basyşyny aşaklandyryjy, aterosklerozyň öňüni alyjy, ganyň lipit derejesini kadalaşdyryjy, mikroplary ýok ediji, antioksident, antirak we ýene-de ençeme peýdasy bolan miwedir.

Zeýtunyň ýapraklary hem beden üçin iňňän peýdaly ösümlikdir. Esasanda;

Aýratynam süýji keseli üçin zeýtun ýapragynyň çaýy gandaky süýjiniň deňagramlaşdyrylmagyna peýdalydyr.

Zeýtun ýapragynyň çaýynyň beýleki peýdalary

Öýjükleri gysga möhletde täzeleýär

Düzüminde omega ýag aşgarlary bolan zeýtun ýapragy düwürtikli deriniň arassalanmagyny üpjün edýän bolsa, düwürtigiň yzynyň galmagynyň öňüni alýar. Ýaralanma, gijilewük ýaly ýagdaýlarda deriniň täzelenmegini üpjün edýär.

Ünsliligiň azlygy, ukynyň kadasyzlygy ýaly biynjalyklyklaryň ortadan aýrylmagynda peýdalydyr. Merkezi nerw ulgamyny güýçlendirji özbolyşlyga eýe.

Ýüregiň sagdynlygyny goraýar

Yzgiderli häsýetde zeýtun ýapragynyň çaýyny içmek damaryň dykylmagynyň öňüni alýar. Gan basyşyny kadalaşdyrýar we duýdansyz gan basyşynyň ýüze çykmagynyň öňüni alýar. Ganyň akyşyny kadalaşdyrýandygy üçin infarkt howpuny azaldýar. Bular bolsa düzümindäki Omega-3 ýag aşgarlary arkaly amala aşýar.

Agyryny aýyryjy, rahatlandyryjy

Myşsa we kelle agyrysy bolanlara zeýtun ýapragynyň çaýyny içmek maslahat berilýär.

Ýokanjy aýyryjy özbolyşlyga eýedir

Ýokarky demalyş ýolunda we peşew ýollarynda ýüze çykýan biynjalyklyklarda peýdalanylýar.

Immunitet ulgamyny güýçlendirýar

E witamini we antioksident maddalary taýdan baý bolan zeýtun ýapragynyň çaýy, immunitet ulgamyny güýçlendirýär.

Zeýtun ýapragynyň çaýyny näçe gün içmeli?

Günde 2-3 gezek içmek maslahat berilýär. Has gowy netije almak üçin azyndan 2 aý içmeli. Zeýtun ýapragynyň çaýyny aç ýa-da dok içmek hakynda hiç hili garaýyş ýok.

Ertirlik naharynda-da içip bilersiňiz. Günüň dowamynda-da içmek maslahat berilýär.

Zeýtun ýapragynyň çaýy;

Zeýtun ýapragynyň çaýyny nähili demlemeli?

Gerek bolan önümler:

Taýýarlanyşy:

1-nji usul:

Bir çaşka ýa-da käse suwuň içine 6-10 gram guradylan zeýtun ýapragyny salyň. 10 minut denlenenden soň çaýy süzüp için.

2-nji usul:

Çaý: 6-10 gram owradylan ýa-da bütinleý guradylan ýapraklaryn üstüne 150 milli litr gaýnan suw guýmaly. 15-20 minut demläden soň süzüp içmeli. Günde üç gezek içmek maslahat berilmeýär.

Ýene degişli makalalar

Dodak Jaýrylmasy we Onuň Bejergi Usullary
Saç goňagy we onuň tebigy bejergi usullary
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
Ysraýylyň Gaza garşy başladan hüjümleri arakesmesiz ýagdaýda dowam edýär
Ysraýylyň Gazadaky hüjümlerinde ýogalýan adamlaryň sany artmaga dowam edýär
Ysraýylyň goşunynyň Gaza garşy başladan hüjümlerine 45 gün boldy