Ziroat Mirziýoýewa Ogulgerek Berdimuhamedowany Daşkentde geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy

Ziroat Mirziýoýewa Ogulgerek Berdimuhamedowany Daşkentde geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy

Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň maşgalasy Ziroat Mirziýoýewa Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň maşgalasy, hanym Ogulgerek Berdimuhamedowany 9-njy noýabrda Daşkent şäherinde geçiriljek ''Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi ugrunda çagalaryň we ýaşlaryň hereketi'' atly halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy. Bu barada Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri anna güni habar berdi.

Çagalary goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanýan bu forum ''Zamin'' halkara jemgyýetçilik gaznasy we BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) tarapyndan bilelikde guralýar.

Bu çäre ekologik meseleleri çözmekde çagalaryň we ýaşlaryň gatnaşmagyny artdyrmakda öňdebaryjy pikirleri hem-de tejribeleri alyşmaga, daşky gurşawa aýawly çemeleşmek boýunça milli, sebit we ählumumy tagallalary birleşdirmäge gönükdirilendir.

Pursatdan peýdalanyp, Ziroat Mirziýoýewa Ogulgerek Berdimuhamedowa we ähli maşgala agzalaryna berk jan saglyk, abadançylyk, uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Gelinler ogly bolýança çaga dogurmaga mejbur edilýär - çeşmeler
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI
Türkmenistan-ÝUNESKO: hyzmatdaşlyk ösdürilýär
Türkmen halkynyň Milli Lideri we türk Lideri telefonda söhbetdeş boldy
Koreýanyň Prezidentiniň maşgalasy Halk Maslahatynyň Başlygynyň maşgalasyna minnetdarlyk hatyny iberdi
Pekinde türkmen halkynyň milli gymmatlyklarynyň sergisi guraldy