Zyýat Hil konditer dükanlary bulgurlarda datly süýjülikleri hödürleýär

Zyýat Hil konditer dükanlary bulgurlarda datly süýjülikleri hödürleýär

Zyýat Hil konditer dükanlarynyň tory Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryna bir gezeklik bulgurlarda ýanyň bilen işe ýa-da gezelenje alyp gitmäge oňaýly bolan datly süýjülikleri hödürleýär.

Bu mini-desertleriň satuwda iki hili: Snikers hem-de Miweli görnüşleri hödürlenen. Olar iň täze we ter önümlerden peýdalanylyp, original tagamnamalaryň esasynda taýýarlanylandyr.

Snikers süýjüliginiň özboluşly şokolad tagamy daň säherde kofe bilen şähdiňi açmaga örän göwnejaýdyr. Ajaýyp Miweli miks bolsa, günortanlygyň üstüni çaý bilen ýetirmäge ýardam eder.

Süýjülikli bulgurlary Aşgabatda ýerleşýän Zyýat Hil dükanlarynyň üçüsiniň islendik birinden satyn alyp bilersiňiz. Bu dükanlaryň iş tertibi her günde sagat 8:00-dan 22:45-e çenli.

Zyýat Hil dükanlarynyň assortimentinde tortlaryň, piroglaryň, keksleriň, kökeleriň köp sanly görnüşleriniň bardygyny ýatladýarys. Bu ýerde medowikler, biskwit tortlary, snikers, mars, baunti huruşly şokolad süýjülikleri bar.

Bu konditer dükanlaryndan süýjülik önümleriniň 150 manatdan ýokary möçberde satyn alnan ýagdaýynda eltip bermek hyzmaty tölegsiz ýerine ýetirilýär.

Durmuş toýy üçin taýýarlanylan özboluşly tortlar, ýubileý hem-de çagalar üçin niýetlenen tortlar Zyýat Hil dükanlarynyň aýratyn bellenmäge mynasyp önümleridir. Konditer dükanlarynyň tortçy hünärmenleri dizaýny, keşbi hem-de göwrümi boýunça dürli hili tortlary taýýarlap, müşderileriň isleglerini hasyl etmäge taýýardyrlar.

Bu dükanlar torunyň Garadaşaýak ýaşaýyş toplumynyň Seýran söwda merkezinde ýerleşýän konditer dükanynda doglan güni ýekşenbe gününe düşýän her bir adam üçin tortlara 50% arzanladyşyň dowam edýändigini ýatladýarys.

Aşgabatdaky Zyýat Hil dükanlarynyň salgylary we telefon belgileri:

Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Türkmen telekeçileri öz önümlerini Italiýada geçirilýän azyk sergisinde görkezýärler
Zyýat Hil konditer dükanlary özboluşly nusgawy Napoleon tortyny hödürleýär
Zyýat Hil: 150 manatlyk sargyt edilende Aşgabadyň içine mugt eltip bermek hyzmaty
Aşgabatda konditer öndürijisiniň önümlerini nireden satyn almaly
Zyýat Hil doglan güni dynç güne düşýän müşderilere tortlary 50% arzan berýär
Zyýat Hilde konditer we çörek önümleriniň dürli görnüşleri hödürlenýär