Zyýat Hil konditer dükanlary Halkara zenanlar gününe sargytlary kabul edýär

Zyýat Hil konditer dükanlary Halkara zenanlar gününe sargytlary kabul edýär

8-nji mart — bu senenamada gelýän adaty bir gün bolman, eýsem bahar paslynyň gadam basmagynyň, zenan kalbynyň näzikliginiň hem-de söýginiň, mähriň baýramydyr. Bu ýakyn adamlaryňa tüýs ýürekden çykýan mähir-muhabbetiňi, çuňňur sylag-sarpaňy äşgär etmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir.

Aşgabatdaky Zyýat Hil konditer önümleriniň tory eýýäm häzirden Halkara zenanlar güni üçin sargytlary kabul edýär. Tejribeli konditerler süýjüligi bilen islendik adamyň göwnünden turjak şirin tagamly tortlary taýýarlap berýärler.

Zyýat Hiliň assortimentinde dürli hili huruşly we kremli tortlar bar: hozly, ir-iýmişli, miweli, sufleli, şeýle-de ýagly-syrly, gaýmakly, şokoladly hem-de kremli.

Zyýat Hil — islendik görnüşli baýramçylykdyr dabaralar üçin niýetlenen tortlary sargyt edip bolýan konditer dükanlar torudyr.

Ýatlatsak, Zyýat Hil dükanlaryndan 150 manatdan az bolmadyk möçberde söwda edilende, satyn alnan süýjülik Aşgabat şäheriniň islendik ýerine tölegsiz eltilip berilýär.

Tortlaryň, kökeleriň we beýleki süýjülikleriň görnüşleri bilen Aşgabatda ýerleşýän Zyýat Hil dükanlarynyň islendik birine baryp tanşyp bilersiňiz:

Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Bu dükanlar torunyň Garadaşaýak ýaşaýyş toplumynyň Seýran söwda merkezinde ýerleşýän konditer dükanynda doglan güni ýekşenbe gününe düşýän her bir adam üçin tortlara 50% arzanladyşyň dowam edýändigini ýatladýarys.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Zyýat Hil konditer dükanlary özboluşly nusgawy Napoleon tortyny hödürleýär
Zyýat Hil: 150 manatlyk sargyt edilende Aşgabadyň içine mugt eltip bermek hyzmaty
Aşgabatda konditer öndürijisiniň önümlerini nireden satyn almaly
Zyýat Hil doglan güni dynç güne düşýän müşderilere tortlary 50% arzan berýär
Zyýat Hil konditer dükanlary bulgurlarda datly süýjülikleri hödürleýär
Zyýat Hilde konditer we çörek önümleriniň dürli görnüşleri hödürlenýär