01.03.2018 | Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň önümleriniň sergisi açyldy

Söwda-senagat edarasynyň binasynda Eýran Yslam Respublikasynyň XIV ýöriteleşdirilen sergisi açyldy.Paýtagtymyzda her ýyl geçirilýän eýran haryt öndürijileriniň gazananlaryny görkezýän bu çäre asylly däbe öwrüldi, ol ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliklerini açmaga, geljekki ösüş ugurlaryny kesgitlemäge, iki goňşy ýurduň işewür toparlarynyň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam berýär. Şu gezekki foruma gatnaşmak üçin Aşgabada EYR-nyň senagat, magdanlar we söwda ministri Mohammad Şariatmadariniň baştutanlygynda ýolbaşçylardan we 60-dan gowrak kompaniýalaryň wekillerinden ybarat wekilçilikli topar Aşgabada geldi.

Olaryň hatarynda Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşlary, dürli ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygyň köpýyllyk tejribesine eýe bolan işewürler bar.Sergä gatnaşyjylaryň aglaba bölegi üçin bu sergi ýurdumyzda öz önümlerini görkezmek, türkmen kärdeşleri bilen geljekde bilelikde işlemegiň mümkinçiliklerini öwrenmekde başlangyç meýdança bolar.

Serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Türkmenistanda işleýän diplomatik düzümiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzyň telekeçileriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň EYR-nyň haryt öndürijileriniň ýöriteleşdirilen sergisine hem-de bilelikdäki işewürler maslahatyna gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.

Gutlagda Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi diýlip atlandyrylan ýylda geçirilýän bu çäreleriň köptaraply türkmen-eýran gatnaşyklarynyň giňeldilmegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirilýändigi nygtalýar, bu gatnaşyklaryň müňýyllyklara uzaýan taryhy ýurtlarymyzyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär.

Bellenilişi ýaly, Watanymyzyň halk hojalygyna täze tehnologiýalary we ylmyň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmakda, berkarar döwletimiziň milli ykdysadyýetini dünýä ölçeglerine laýyklykda döwrebaplaşdyrmakda halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti örän uludyr diýlip, Gutlagda bellenilýär.

Uzak möhletli geljege gönükdirilen Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk geljegi uly bolan möhüm ugurlary öz içine alýar we iki döwletiň milli bähbitlerine doly laýyk gelýär, tutuş sebitiň ýurtlarynyň durnukly ösüşiniň üpjün edilmegine hyzmat edýär.

EYR-nyň senagat, magdanlar we söwda ministri Mohammad Şariatmadari sergä gatnaşyjylara hem-de myhmanlara gutlag sözleri bilen ýüzlenip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna, iki ýurduň halklarynyň netijeli hyzmatdaşlygynyň hem-de dostluk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşýan şahsy goşandy üçin hoşallygyny beýan etdi.

Eýranyň wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, Eýranyň ykdysady gazananlarynyň şu gezekki iri möçberli sergisi özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň täze derejä çykarylmagyna, söwda-ykdysady ulgamda bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagyna ýardam berer.

EYR-nyň senagat önümçiliginiň dünýäniň köp ýurtlaryna, şol sanda Türkmenistana eksport edilýän önümleriniň we ýokary hilli harytlarynyň giň görnüşlerini görkezýän köpugurly sergisi munuň subutnamasydyr.Bu sergi ýurdumyzyň hyzmatdaşlarymyz bilen möhüm ugurlarda, şol sanda bilelikdäki önümçilikleri ýola goýmakda has ýakyn hyzmatdaşlyga gyzyklanmalaryny görkezdi.

Sergi meýdançalarynyň giň bölegini gurluşyk senagatynda, ýyladyş we sowadyş ulgamlary üçin senagat enjamlaryny çykarýan önümçilikde, guşçulykda hem-de maldarçylyk toplumlarynda, azyk pudagy we ýyladyşhana hojalyklary üçin enjamlary öndürýän iri kärhanalaryň önümleri eýeledi.

Olaryň hatarynda “Towchal Construction Co” gurluşyk kompaniýasy bar, bu kompaniýanyň gatnaşmagynda Tejen derýasynda Sarahs — Sarahs serhetýaka köprüsi guruldy. “Daboo Sanat” kompaniýasy ýylylyk üpjünçilik ulgamlarynyň energiýa tygşytlaýjy görnüşlerini, köpugurly elektrik beketleriniň, gyzdyryjylary we beýleki senagat enjamlaryny hödürleýär, olar innowasiýa tehnologiýalary esasynda çykarylýar. “Toyouran abzar Co”, “Eskan toyour”, “Zarrin Daneh”, “Sepahan Daneh Parsian” kärhanalarynyň bölümlerinde döwrebap guşçulyk toplumlarynyň, garyşyk iýmleriň hem-de ýokumly goşundylaryň önümçilikleri boýunça taslamalary düzmek, gurmak we tehniki taýdan enjamlaşdyrmak hyzmatlary hem-de teklipleri hödürlenilýär. “Defne Serajlik & PATS Co” kompaniýasy türkmen bazarynda üstünlikli işleýär, bu kompaniýanyň gatnaşmagynda Mary welaýatynda iri ýyladyşhanalary gurmak boýunça taslamalar amala aşyrylýar.

Geljekde bu kärhana Ahal welaýatynda hem ýyladyşhanalary gurmagy meýilleşdirýär.Sowadyş we howany çalyşmak ulgamlary üçin enjamlar toplumynyň önümçiliginde innowasiýalary peýdalanýan “Hava Cellulose” kompaniýasynyň önümleri obasenagat toplumynyň ösdürilmegine ýardam berer.

Birjan şäheriniň söwda-senagat edarasynyň, Horasan welaýatynyň milli senagat kompaniýasynyň, bu welaýatyň Eksportçylar birleşiginiň bölümlerinde gurluşyk senagaty we binalaryň timarlanmagy hem-de içki jaýlar üçin taýýar önümleriň — polat gurnamalaryň (“Ista steel structure”) dürli görnüşleri we ölçegli serişdeler, kabeller hem-de elektrik geçirijiler (“Aflak Ekectric), plastikden we polimerlerden ýasalan önümler, turba, kafel hem-de keramika serişdeleri, azyk we ýeňil senagat harytlarynyň, durmuş himiýasynyň taýýar önümleriniň giň görnüşi görkezilýär.

Jemgyýetçilik iýmiti hem-de söwda kärhanalary üçin sowadyjylary we doňduryjylary öndürýän “Electro Steel” kompaniýasynyň bölümleri türkmen telekeçileriniň aýratyn ünsüni çekdi.Sergä yzygiderli gatnaşýanlaryň hatarynda “Iran Khodra” milli awtomobil gurluşygy konsorsiumynyň wekili bar.

Bu sergide 2018-nji ýyla degişli “Peugeot”, “Renault”, “Dena+”, “Arisan” ýeňil kysymly awtomobilleriň birnäçe nusgalary görkezilýär.Olaryň ählisi häzirki zaman ýewrostandartlarynyň, energiýa tygşytlamak we daşky gurşawy goramagyň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilipdir.

EYR-nyň ilçihanasynyň ýanyndaky medeni merkez, “Saderat-Eýran” bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasy hem sergide öz bölümlerini guradylar, olar işewür toparlaryň wekilleriniň arasynda ýakyn gatnaşyklaryň ýola goýulmagy üçin şertleriň döredilmegine goşant goşýarlar.

Nepis nagyşlar bilen bezelen gap-gaçlaryň nusgalary sergini bezedi, bular “minakari” we “hatamkari” usulynda ýerine ýetirilen el işleridir, gadymy suratkeşlik eserleri hem-de halylar, seýrek kitap neşirleri, lybaslar we sowgatlyklardyr bu önümlerde eýran halkynyň baý taryhy hem-de sungaty öz beýanyny tapýar. Üç günüň dowamynda ykdysady gözden geçirilişe gelýänlere iň täze tehnologiýalar we işläp taýýarlamalar bilen has içgin tanyşmaga mümkinçilik bolar, bu ýere gelýänler özara bähbitler esasynda gatnaşyklary ýola goýmak babatynda belli bir netijä gelip bilerler. 2-nji martda türkmen-eýran işewürler maslahaty geçiriler, onuň dowamynda iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri geljekde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meselelerini, milli ösüş meýilnamalaryny hem-de sebit hyzmatdaşlygy nazara almak bilen has amatly ugurlary ara alyp maslahatlaşarlar.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň önümleriniň sergisi açyldy
2022-nji ýylyndaky logosyny üýtgetdi
Ýewropada awtoulag satuwy artdy
Toyota 2021-nji ýylda awtoulag satuwy boýunça dünýäde öňdebaryjy boldy
Volkswagen Golf Ýewropada iň meşhur awtomobil boldy
Ýewropada ýylyň awtoulagy saýlandy