Ýewropada awtoulag satuwy artdy

Ýewropa awtoulag öndürijiler birleşigi (ACEA) sentýabr aýynda ÝB ýurtlarynyň täze awtoulag hasaba alyş maglumatlaryny ýaýratdy. Şoňa laýyklykda, geçen ýylyň sentýabr aýynda 718 müň 718 täze awtoulag satylan bolsa, bu görkeziji şu ýylyň degişli döwründe 9,6 göterim ýokarlanyp 787 müň 870-e ýetipdir.

Geçen ýylyň sentýabr aýynda, esasan hem, çip ýetmezçiligi Ýewropada ulag önümçiligini azaldypdy. Şu ýylyň sentýabr aýynda öndürijiligiň ýokarlanmagy geçen ýylyň esasy täsiri bilen baglanyşyklydy.Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende awtoulag satuwy Germaniýada 14,1 göterim, Ispaniýada 12,7 göterim, Fransiýada 5,5 göterim we Italiýada 5,4 göterim ýokarlanypdyr.

Geçen aýda Germaniýada 224 müň 816, Fransiýada 141 müň 137, Italiýada 110 müň 976 we Ispaniýada 67 müň 240 täze awtoulag hasaba alnypdyr. ÝB-de täze ulag hasaba alyşlary geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2022-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda 9,9 göterim azalyp, 6 million 784 müň 318-e bolupdyr. Öndürijileriň bellemeklerine görä, “VW Group” kompaniýasy sentýabr aýynda ÝB-de 196 müň 19 ulag satypdyr. “Peugeot”, “Fiat”, “Citroen” we “Opel” ýaly brendleri öz içine alýan “Stellantis Group” jemi 148 müň 761 awtoulag satdy. “Renault Group” 85 müň 132 täze awtoulag bilen üçünji, “Hyundai Group” kompaniýasy bolsa 71 müň 15 ulag bilen dördünji orny eýeledi.

Aýgözel Amangeldiýewa, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby

Ýene degişli makalalar

“Toyota” we “Stellantis” hyzmatdaşlygyny giňeldýär
Toyota 2021-nji ýylda awtoulag satuwy boýunça dünýäde öňdebaryjy boldy
Ýewropada ýylyň awtoulagy saýlandy
Ilkinji zawodyny gurar
Ferrari Stellantis-den ozdy
Ýewropadaky elektroulag satuwy artýar