Tesla Model 3 sentýabr aýynda ilkinji gezek Ýewropada iň köp satylýan model boldy

Tesla Model 3 sentýabr aýynda ilkinji gezek Ýewropada iň köp satylýan model boldy

Tesla Model 3 elektromobili sentýabr aýynda ýewropa bazarynda iň köp satylýan model boldy. JATO Dynamics derňew kompaniýasynda bellenilişi ýaly, Ýewropanyň awtoulag bazarynyň taryhynda ilkinji gezek elektromobil iň köp satylýan model boldy we ilkinji gezek sanawda birinji orny Ýewropanyň daşynda çykarylan model eýeledi. Bu barada autostat.ru habar berýär.

Model 3-iň ýokary görkezijileri, esasan, Tesla-nyň çärýegiň ahyryndaky güýçli satuwy bilen baglanyşyklydyr.Sentýabr Ýewropada amerikan awtoöndürijisi üçin üstünlikli aý boldy kompaniýanyň 2018-nji ýyldan bäri üçünji çärýekdäki üpjünçiliginiň ortaça 68%-i bu aýyň paýyna düşdi, häzirki görkezijiler bolsa çärýek satuwynyň 74%-ini emele getirdi. Ýewropa bazaryna çykany bäri Model Y hem gowy netijeleri görkezip, iň meşhur elektromobilleriň (BEV) sanawynda ikinji orny eýeledi.

JATO Dynamics-iň maglumatlary boýunça, geçen aý Ýewropada iň köp satylýan model 24591 satylan ulag (+58%) bilen Tesla Model 3 boldy.Ikinji orny satuwy 18264 birlik bolan Renault Clio (-23%) eýeleýär. Üçlügi Dacia Sandero jemledi, bu modeliň satuwy 3%, ýagny 17988 awtomobile çenli azaldy.

Onuň yzyndan Volkswagen Golf gelýär, ony 17507 ýewropaly alyjy satyn aldy (-39%).Liderleriň bäşligini 16349 nusga bilen Fiat 500 jemleýär (-3%).

Ýewropada iň köp satylýan modelleriň onlugyna Opel/Vauxhall Corsa (15505 birlik, -41%), Peugeot 2008 (14931 birlik, -16%), Hyundai Tucson (14088 birlik, +40%), Peugeot 208 (13895 birlik, -31%) we Renault Captur (13715 birlik, -36%) hem girdi.

Ýene degişli makalalar

Ýewropada öňdeligi eýeleýär
“Toyota” we “Stellantis” hyzmatdaşlygyny giňeldýär
80 göterimi elektroulag
Toyota Corolla dünýäde iň köp satylýan ulag bolmagyny bes etdi
Amerikanyň elektromobil bazary dünýäde ikinji orna çykdy
Ilkinji “iPhone” rekord bahadan satyldy
Tesla-nyň bazary ösýär