Ilkinji “iPhone” rekord bahadan satyldy

2007-nji ýylda satuwa çykarylan, gutusy açylmadyk “iPhone” rekord bahadan satyldy. 158 müň 644 dollara satylan telefony alan adam ony öz kolleksiýasyna goşmak üçin alypdyr. LCG auksion öýi tarapyndan satuwa hödürlenen telefonyň satylan puluna dört sany “Tesla Model 3” elektroulagyny ýa-da 200 sany “iPhone 14” düşýär.

Gutusyndan çykarylmadyk “iPhone” smartfonynyň ilkinji nusgalary mundan ozal hem gymmat bahadan satylypdy. Ozalky satyşlarda 63 müň 356 hem-de 54 müň 904 dollardan satylypdy. Täze alnan telefonyň köp programmalarynyň täzelenip bilinmeýändigi we şol sebäpli ulanmak üçin amatly däldigi mälim edildi.

Ýene degişli makalalar

Toyota Corolla dünýäde iň köp satylýan ulag bolmagyny bes etdi
Tesla-nyň bazary ösýär
Amerikanyň elektromobil bazary dünýäde ikinji orna çykdy
80 göterimi elektroulag
Ýewropada öňdeligi eýeleýär
Gyşky synagdan geçirdi