Toyota Corolla dünýäde iň köp satylýan ulag bolmagyny bes etdi

Toyota Corolla dünýäde iň köp satylýan ulag bolmagyny bes etdi

2023-nji ýylyň jemleri boýunça Tesla Model Y ulagy dünýäde iň köp satylýan awtoulag diýlip yglan edildi, ol öň 26 ýyllap bu ýeri eýelän Toyota Corolla ýapon ulagyny çalyşdy diýip, Gazeta.ru ýazýar.

Tesla Model Y ulaglarynyň satuwy geçen ýylda 51 göterim artdy we 1,15 milliona deň boldy.

Toyota Corolla 1,13 million birlik bilen ikinji orna geçdi. Onuň yzyndan 934,9 müň birlik görkeziji bilen Toyota RAV4 kysymy ýerleşdi.

Demirgazyk Amerikada iň meşhur Ford F-Series pikaby sanawda dördünji orny eýeledi, onuň 901,6 müň sanysy satyldy. Ondan soňra Honda CR-V, Chevrolet Silverado we Toyota Camry ulaglary gelýär.

Toyota Corolla 1997-nji ýyldan bäri iň köp satylýan ulag bolmagynda galýardy.

Ýene degişli makalalar

Elektroulagda Aziýa öňde
Amerikanyň elektromobil bazary dünýäde ikinji orna çykdy
Ilkinji “iPhone” rekord bahadan satyldy
Ýewropada öňdeligi eýeleýär
80 göterimi elektroulag
Tesla-nyň bazary ösýär