“Opel” Germaniýadaky esasy awtoulag sergisine gatnaşyp bilmez

“Opel” Germaniýadaky esasy awtoulag sergisine gatnaşyp bilmez

"Opel" ozal Frankfurtda geçirilen we häzirki wagtda Mýunhende geçirilmegi meýilleşdirilýän Halkara awtoulag sergisine (IAA) gatnaşmaz. Bu barada "Opele" eýeçilik edýän täze “Stellantis” kompaniýasynyň wekiline salgylanyp, “Automotive News Europe” habar berdi.

Çeşmäniň habaryna görä, 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda açyljak sergä "Stellantis" birleşiginiň “Peugeot”, “Citroen”, “Fiat”, “Alfa Romeo” we “Jeep” ýaly beýleki awtoulag markalary hem gatnaşmaz.Pul tygşytlamak maksady bilen, konsern täze önümlerini görkezmek üçin öz çärelerini guramagy maksat edinýär.

Mysal üçin, Mýunhendäki awtoulag sergisinden bir aý soň "Opel" özüniň iň möhüm täzeliklerinden biri bolan täze nesil "Astrany" tanyşdyrar. "Stellantisiň" Mýunhende awtoulag sergisine gatnaşmakdan ýüz öwürendigine garamazdan, “Volkswagen”, “Ford”, “Dacia”, “Renault”, “Audi”, “Porsche”, “Mersedes-Benz” we “BMW” ýaly kompaniýalar öz awtoulaglaryny çärä getirerler.

Mundan başga-da, awtoulag sergisine motosikl öndürijileri we komponentleri üpjün edijiler bolan Hytaýyň “WEY” we “Nio” markalary gatnaşarlar. “Toyota”, “Kia” we “Jaguar Land Rover”-iň bu çärä gelmejekdigi bolsa öňden bäri aýdylyp gelinýär. 1951-nji ýyldan bäri geçirilýän Frankfurt awtoulag sergisiniň ýapyljakdygy 2020-nji ýylyň başynda mälim boldy.

Bu karar Germaniýanyň awtoulag senagaty assosiasiýasynyň (VDA) çäreleri mundan beýläk Mýunhende geçirmeli diýen netijä gelnen ýygnagyndan soň kabul edildi.Mundan başga-da, awtoulag sergisini geçirmäge dalaşgärleriň arasynda Gamburg we Berlin hem hasaba alyndy.

Ýene degişli makalalar

Ilkinji zawodyny gurar
Ýewropadaky elektroulag satuwy artýar
Ýewropada ýylyň awtoulagy saýlandy
“Toyota” we “Stellantis” hyzmatdaşlygyny giňeldýär
Toyota 2021-nji ýylda awtoulag satuwy boýunça dünýäde öňdebaryjy boldy
Ferrari Stellantis-den ozdy
Ýewropada awtoulag satuwy artdy