Lufthansanyň Işgärleri Iş Taşlaýyş Yglan Etdi

Lufthansanyň Işgärleri Iş Taşlaýyş Yglan Etdi

Germaniýada howa ýoly firmasy Lufthansanyň işgärleri, aýlyk meselesindäki düşnüşmezlik sebäpli 7-nji fewralda iş taşlaýar.

Birleşen Hyzmat pudagynyň kärdeşler arkalaşygy tarapyndan berlen ýazmaça beýannamada, Lufthansanyň Berlin, Gamburg, Dýusseldorf, Mýunhen we Frankfurt howa menzilindäki işgärlerine iş taşlaýyş üçin çagyryş berildi.

Iş taşlaýyşyň çarşenbe güni ýerli wagt bilen 04.00-da başlajakdygy we penşenbe güni sagat 07.10-a çenli dowam etjekdigi nygtaldy.

Lufthansa hem iş taşlaýyşyň 100 müňden gowrak ýolagça ýaramaz täsirini ýetirip biljekdigini habar berdi.

Lufthansa 25 müň işgäriň aýlygynyň kesgitlenilmegi üçin gepleşikleriň dowam edýändigini nygtady.

Kärdeşler arkalaşygy aýlyklaryň 12,5 göterim artdyrylmagyny talap edýär.

Kärdeşler arkalaşygy şeýle hem ýokary infilýasyýa sebäpli goşmaça 3 müň ýewro talap edýär.

Ýene degişli makalalar

20 müň täze iş ornuny döreder
Nemes Howaýoly Firmasy Lufthansa Iş Taşlady
ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy 'Türkmenhowaýollary' bilen bagly howpsuzlyk duýduryşyny ýaýratdy
Dekabr aýyndan başlap Türkmenistan awiakompaniýasy AGPJ-niň uçar ugurlary artar
“Türkmenhowaýollary” ÝB-niň çäklerine amala aşyrýan uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýdy
ÝUNISEF-iň başlangyjy bilen howaýollary şereketleri COVID-19 sanjymlarynyň daşalmagyna goldaw berer